Aşgabadyň nury
«Oguz hanyň ýyldyzy» ýa-da sekizburçly ýyldyz şekili paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik gözelliginde aýratyn orun tutýar. Sekizburçluk şekilinde bina edilen desgalar paýtagtymyzyň bezegi bolup, ol gadymyýetden gaýdýan milli mirasymyza bolan hormatyň nyşanydyr. «Bagt köşgi», şeýle hem geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen «Mahabat» binasy paýtagtymyzyň özboluşly binagärlik aýratynlygynyň nyşany bolup, ýalkym saçýar. «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasy dag belentliginde gurlan sekizburçluk şekilindäki täsin desgalaryň biridir. 2011-nji ýylda açylan bu bina ägirt uly ýyldyz şekilinde bina edilen desga hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna hem girizildi.