Täze ýyly her halk özüçe garşylaýar. Türkmenlerde bu baýram öýüň, töweregiň, iň esasan hem, arçalaryň aýratyn owadan edip bezelmegi, Täze ýyl gijesinde dürli naz-nygmatlaryň taýýarlanmagy bilen bereketli saçagyň başynda garşylamak ýörgünli bolup durýar. Ýöne dünýä halklarynyň Täze ýyly garşylamak boýunça özboluşly däp-dessurlary hem bar.
DANIÝADA Täze ýyl gijesi goňşularyň gapysynyň öňünde köpsanly gap-gaçlaryň döwülmegi bilen garşylanýar. Daniýalylar bu däbi goňşularyň arasyndaky öýke-kineleri gap-gaçlaryň döwlüşi ýaly ýok edip, Täze ýyla täze ýakymly garaýyş bilen garşylamak niýeti bilen edýärler. Şeýlelikde, goňşular gapylarynyň öňleriniň gap-gaç döwükleri bilen hapalanandygy üçin gaty görmeýärler. Gaýtam, gapyň agzyna näçe köp döwük gap üýşse, şol adamyň goňşular bilen ýygjam hem-de içgin gatnaşygynyň bardygyny alamatlandyrýar. Olaryň pikiriçe, Täze ýyl gijesinde gapyň öňüne näçe köp döwük gap-gaç üýşse, geljek ýylda şonça hem üstünlik gelermiş.