HABARLAR

Gä­mi­li ge­ze­lenç

– Ene, ha­çan Awa­za gid­ýäs? Ka­ka­ma aýt, ba­sym­rak şol ýe­re ýol­lan­ma al­syn, ho-ol dos­tum Aman da­gy er­tir gi­dip bar­ýar­lar. Ene jan, ba­sym gi­dä­ýe­li, de­ňiz­de gä­mi­de ge­ze­lenç ede­si­miz gel­ýär – di­ýip, to­mus dynç al­şa çy­kan ag­tyk­la­rym da­şym­dan pyr­lan­dy­lar. Biz ne­si­be­li gün Awa­za ta­rap ýo­la düş­dük. Uçar­dan dü­şüp, mü­nen ula­gy­myz go­ja deň­ze go­laý­la­dy­gy­ça gä­mi­ler zo­gu­ny ça­lyp, eý­läk-beý­läk ýü­züp bar­ýar­dy­lar. Ça­ga­lar ba­sym­rak şol gä­mi­le­re mün­mä­ge how­lug­ýar­dy­lar.

BAE-niň ýeke-täk çykalgasy: Antarktida

«7/24. tm», № 33 (116), 15.08. 2022 Bil­şi­miz ýa­ly, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri we onuň goň­şy döw­let­le­ri­niň geog­ra­fi­ki ýer­le­şi­şi gu­rak kli­mat­ly bo­lup, çöl­le­riň kän, der­ýa­la­ryň bol­sa ýok di­ýil­jek de­re­je­de az­ly­gy se­bäp­li agyz su­wy ýi­ti ýet­mez­çi­lik ed­ýär.

Awazanyň sapaly goýnunda

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Çagalaryň göwnejaý dynç alyp, saglyklaryny berkidýän, wagtlaryny hoş geçirýän, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen deň-duşlary bilen tanşyp, täze dostlary artdyrýan, gyzykly hem ýatdan çykmajak täsirli wakalara şaýat bolýan söýgüli mesgenleriniň biri-de, gojaman Hazaryň türkmen kenaryny jähekläp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagydyr. Çagalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemi ýedi ýerde — ýurdumyzyň welaýatlaryna degişli dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde, şeýle-de «Arzuw» çagalar dynç alyş merkezinde hem-de «Daýanç» sagaldyş merkezinde tapgyrlaýyn dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Häzirki wagtda bu ýerde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň 4-nji tapgyry dowam edýär.

Şokoladlar mekany

Mähriban çagalar! Siz dünýäde täsin muzeýleriň hereket edýändiginden habarly bolsaňyz gerek. Ol muzeýler özüniň gymmatly zatlary, täsinligi bilen tapawutlanýar. Biz hem siziň üçin taýýarlaýan ýörite sahypamyzda dünýäde çagalaryň iň söýgüli muzeýleriniň birnäçesi barada maglumat bermegi makul bildik. Şokolad muzeýi meşhur Belgiýa şokoladyna eýeçilik edýän muzeýdir. Brýusseldäki bu muzeý 1998-nji ýylda gurulýar. Muzeý meşhur Belgiýa şokolad kärhanasynyň eýesi Jozep Jo Drapsyň ýanýoldaşy tarapyndan bina edilýär.

Täsinlikler äleminde

Galyndylardan kerpiç Awstraliýanyň Flinders uniwersitetiniň alymlary adaty bolmadyk esasy gurluşyk önümini — kerpiji oýlap tapdylar. Bu gurluşyk önüminiň esasy tapawutly tarapy onuň senagat we azyk önümleriniň galyndylaryndan öndürilmegidir. Ýagny alymlar täze görnüşli kerpiji oýlap tapmak üçin nebit gaýtadan işlenende bölünip çykýan kükürdi we raps ýagynyň galyndylaryny ulandylar. Olar bu iki önüm galyndysyny himiki taýdan birleşdirip, adaty kerpiçden 16 esse berk bolan gurluşyk önümini almagy başardylar. Gurluşyk kerpijiniň ýene bir aýratynlygy, öreniňde olary biri-birine birleşdirer ýaly sement we palçyk hökman däl. Alymlaryň senagat taýdan şeýle arassa gurluşyk önümini oýlap tapmaklarynyň esasy maksady daşky gurşawyň ekologiýa arassaçylygyna goşant goşmakdan ybarat boldy. Olaryň pikiriçe, senagat taýdan gurluşyk önümleri öndürilende daşky gurşawa zyýanly köpsanly zyňyndylar emele gelýär.

Gözelligiň kenary

Hazar deňziniň ortaça çuňlugy 185 metre barabar bolup, iň çuň ýeri 1025 metrdir. Gomlarynyň beýikligi 11 metre çenli baryp ýetýär. Deňziň duzlulygy bolsa 12,8 göterime deňdir. Taryhy ylmy ýazgylara ser salsak, Hazar deňziniň häzirki döwre çenli 100-den gowrak adynyň bolandygy bellenip geçilýär. Akademik, arheolog Hemra Ýusubow XVII asyryň ortalaryndan öň, Uzboýuň iki akym boýunça Hazar deňzine suwuny guýandygyny nygtapdy. Birinji akym Barsagelmez ugry boýunça Ajaýyp diýip at alan ugur, ikinji akym bolsa, Ak tam diýip at alan, Mollagaradan 47 kilometr uzaklykda bolan Uzynada ýaýlasynyň kenarýakalarydyr. Bu ugurlar boýunça gelen suwlaryň öz akymyny kesmegi, deňiz kenarýakalarynda çägelikleriň, ot-çöp galyndylarynyň köpelmegine getiripdir. Şeýle hem kenarýakalaryndaky ýalpak ýerlerde suwotularyň ösüp kemala gelmegine giň ýol açylypdyr.

Bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň şat­ly­gy

Eziz Di­ýa­ry­myz bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň ýur­dy bo­lup, ýaş ne­sil­le­riň döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry, dynç al­mak­la­ry, wagt­la­ry­ny şa­dy­ýan hem-de ma­ny­ly ge­çir­mek­le­ri üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­ler hal­ky­myz, bag­ty­ýar ça­ga­la­ry­myz üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de aja­ýyp des­ga­la­r, bi­na­la­r açy­lyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Yn­ha, ga­dy­my Bal­kan top­ra­gyn­da hem şeý­le ta­ry­hy wa­ka­la­ry gör­mek bol­ýar. Şeý­le aja­ýyp bi­na­la­ryň, des­ga­la­ryň her bi­ri halk bäh­bit­li iş­le­riň aý­dyň be­ýa­ny bo­lup dur­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän be­ýik iş­le­ri hal­ky­my­zy has-da buý­san­dyr­ýar. Şu aja­ýyp döw­rü­miz­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry, oba­la­ry ta­ry­hy wa­ka­la­ra bes­len­ýär. «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da «Ro­waç» kot­tej­ler top­lu­my­nyň, Esen­gu­ly et­ra­byn­da «Ar­

Ulag düzüminiň möhüm desgasy

Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji awgustda ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Köpriniň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerine dikuçarda gelen döwlet Baştutanymyzy köp sanly dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Awaza — ösüşleriň mekany

Mähriban Watanymyzyň iň gözel ýerlerinde döredilen dynç alyş zolaklary täze mümkinçilikler bilen barha baýlaşýar. Ilata oňat dynç almak üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň saglygy berkidiji şertler we sport desgalary bilen sazlaşyp gitmegi ynsan sarpasynyň gymmat tutulýandygyny dabaralandyrýar. Arassa asmanyň astynda, asuda durmuşda, owadan tebigatyň tämiz gurşawynda ýekelikde ýa-da maşgala bolup dynç almak üçin döredilýän şertleriň barha artyp barmagy adam baradaky aladanyň baş görkezijileriniň biri bolup durýar. Häzirki tomus möwsüminde mekdep okuwçylary dürli çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirseler, zähmetkeşleriň köpüsi zähmet rugsadyna çykyp, dynç alyş-şypahanadyr syýahatçylyk hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Iri merkezlerdäki, şäherlerdäki owadan seýilgählerdir döwrebap desgalardan başlap, ýörite döredilen düzümleýin dynç alyş toplumlaryna, şypahanalardyr syýahatçylyk nokatlaryna çenli giňäp gidýän şeýle mümkinçilikler eziz Diýarymyzyň ähli künjegini gurşap alýar. Gojaman Hazaryň mawy giňişliklerine bezeg berip, kenarýaka şähergurluşygynyň ajaýyp nusgasyna öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýurdumyzyň dynç alyş düzüminiň altyn guşagyny emele getirýär. Arassa çägeli kenarda, bejeriş ähmiýetli howa

Sebitiň syýahatçylyk dürdänesi

Ösüş-özgertmelere beslenen täze taryhy döwrümiziň her bir güni köňülleri joşa getirýän ajaýyp wakalara, şatlykly pursatlara sapýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 1-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Rowaç» kottejler toplumynyň açylmagy ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň birine öwrüldi. Bu döwrebap toplum Hazaryň türkmen kenaryna özboluşly görkanalyk goşdy. Gojaman Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenaryndaky syýahatçylyk zolagy göreniň akylyny haýrana goýýar. Sebitiň dürdänesine öwrülen bu gözel künjekde gysga taryhy döwrüň içinde gurlan desgalaryň arasynda kaşaň myhmanhanalaryň, sagaldyş merkezleriniň, sport we kottejler toplumlarynyň, seýilgähleriň, suw çüwdürimleriniň we şypahana-syýahatçylyk ugurlaryna mahsus beýleki düzümleýin desgalaryň bolmagy has-da guwandyrýar.