Eziz Diýarymyz bagtyýar çagalaryň ýurdy bolup, ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan hem-de manyly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyz, bagtyýar çagalarymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Bu günki gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ajaýyp desgalar, binalar açylyp, ulanylmaga berilýär. Ynha, gadymy Balkan topragynda hem şeýle taryhy wakalary görmek bolýar. Şeýle ajaýyp binalaryň, desgalaryň her biri halk bähbitli işleriň aýdyň beýany bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri halkymyzy has-da buýsandyrýar. Şu ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň welaýatlary, obalary taryhy wakalara beslenýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Rowaç» kottejler toplumynyň, Esenguly etrabynda «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylmagy, şeýle hem Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüniň tutulmagy taryhy wakalardyr. Munuň özi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň şuglasydyr. Şeýle hem munuň özi halk bähbitli beýik işleriň aýdyň beýanydyr. Bu beýik işler ähli halkyň, her bir türkmenistanlynyň ýüreginde buýsanç, guwanç döredýär.