12-nji awgustda Hazarýaka döwletleriň bäşisinde — Türkmenistanda, Russiýada, Gazagystanda, Eýranda we Azerbaýjanda Hazar deňziniň güni bellenilýär. Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa — Tähran Konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Bu şanly senä bagyşlanyp, tutuş Hazar sebitinde, şol sanda ýurdumyzda Ministrler Kabinetiniň 29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda maslahat we dabaraly çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler.
Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, Türkmenistan umumyhazar gepleşikleriniň deňhukukly hem birek-birege hormat goýmak esasynda alnyp barylmagynyň möhümdiginden ugur aldy we bu gepleşiklere işjeň gatnaşdy. Hazar deňzi, onda iş alyp barmagyň dürli ugurlary bilen baglanyşykly giň meseleler toplumyny çözmekde Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti esasy meýdança bolup çykyş edýär. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiligi üçin taryhy waka bolup, asyrlaryň dowamynda bir deňziň kenarlaryny jähekläp oturan Hazarýaka döwletleriň umumy üstünligine öwrüldi. Dünýäniň iň uly yklymiçi suw ýatagy bolan Hazar deňziniň hukuk derejesini resmileşdirmek meselesiniň öz gözbaşyny biziň ýurdumyzdan alandygyny ýatlamak ýakymlydyr. Mälim bolşy ýaly, ýigrimi ýyl mundan ozal, 2002-nji ýylda hut Aşgabatda birinji Hazar sammitiniň geçirilendigini bellemek gerek. Bu sammit uzakmöhletli geljek üçin netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge badalga boldy.