Galyndylardan kerpiç
Awstraliýanyň Flinders uniwersitetiniň alymlary adaty bolmadyk esasy gurluşyk önümini — kerpiji oýlap tapdylar. Bu gurluşyk önüminiň esasy tapawutly tarapy onuň senagat we azyk önümleriniň galyndylaryndan öndürilmegidir. Ýagny alymlar täze görnüşli kerpiji oýlap tapmak üçin nebit gaýtadan işlenende bölünip çykýan kükürdi we raps ýagynyň galyndylaryny ulandylar. Olar bu iki önüm galyndysyny himiki taýdan birleşdirip, adaty kerpiçden 16 esse berk bolan gurluşyk önümini almagy başardylar. Gurluşyk kerpijiniň ýene bir aýratynlygy, öreniňde olary biri-birine birleşdirer ýaly sement we palçyk hökman däl. Alymlaryň senagat taýdan şeýle arassa gurluşyk önümini oýlap tapmaklarynyň esasy maksady daşky gurşawyň ekologiýa arassaçylygyna goşant goşmakdan ybarat boldy. Olaryň pikiriçe, senagat taýdan gurluşyk önümleri öndürilende daşky gurşawa zyýanly köpsanly zyňyndylar emele gelýär.