Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda täze döwrebap «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetirip, halkymyza ajaýyp sowgat boldy.
Hawa, hormatly Prezidentimiz täze binalar we desgalar gurlanda olaryň maksady we oýlanyşykly ulanylmagy, zerur bolan ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki we ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmeginiň göz öňünde tutulmalydygy hakynda belleýär. Şol esasda täze açylan «Rowaç» kottejler toplumynda hem agzalan zerur şertleriň ählisi hem döredilipdir. Täze gurlan bu desga deňziň ajaýyp kenarynda öňden bar bolan ak mermerli kaşaň myhmanhanalaryň, kottej şäherçeleriniň, sagaldyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, dynç alyş seýilgähleriň üstüni ýetirdi. Bularyň hemmesi, şol sanda ulag we inženerçilik-tehniki düzümleriň desgalary-da öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de gurluşyk, binagärlik ulgamlarynda özboluşly çözgütleri peýdalanmak arkaly, täzeçil çemeleşmeleriň esasynda bina edildi. Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda nobatdaky täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi ildeşlerimize «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp, saglyklaryny berkitmäge giň mümkinçilik berer.