HABARLAR

Ýetilen sepgitler täze maksatlara badalga

Berkarar Watanymyz täze ösüşleriň, özgerişleriň taryhy ýoluna ugur alyp, belent sepgitleri nazarlaýar. Geçen 2020-nji ýyl hem uly ösüşleriň, özgerişleriň, belent sepgitlere ýetilen buýsançly ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň her ýylda harby we söweşjeň taýýarlygy dürli ugurlar boýunça ýokarlandyrmak maksady bilen bäsleşikleri yglan etmegi merdana harby gullukçylarymyzyň Watan goragyna ygrarlydyklaryny aýdyň subut edýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň jemleri we şeýle bäsleşikleriň netijeleri hasaba alnyp, maýor Hoşgeldi Muhyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, şeýle-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş dolandyryş bölüminiň Inžener goşunlary müdirliginiň harby bölümleriniň arasynda «Iň gowy harby bölüm» adyna eýe bolmagy merdana Watan goragçylarymyzda uly buýsanç duýgusyny döredip, täze okuw ýylyna batly depginler bilen başlamaga höwes döretdi. Harby bölümde turuwbaşdan belent maksat goýlup, şol maksada ýetmek üçin işler batly depginler bilen ýola goýuldy. Gumanitar we söweşjeň taýýarlygy boýunça okuw sapaklary ýokary guramaçylykly guraldy. Ýaş Watan goragçylary bilen terbiýeçiler, psihologlar tarapyndan yzygiderli işler geçirilip, beden taýdan berk, sagdyn h

Biz — bagtyýar nesiller

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleri täze-täze üstünliklere höweslendirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär, zehini bilen tapawutlananlar ýokary derejeli sylaglara mynasyp bolýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy hem şeýle arzyly sylaglaryň biridir. Ýakynda çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny gowşurmak dabaralary bolup geçdi. Welaýatymyzdan hem birnäçe zehinli çaga bu sylaga eýe boldular. Biz olaryň ýürek buýsançlaryny siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

Milli nagyşlaryň teşnesi

Aýgözel bilen tanyşlygym onuň egnindäki nepis nagyşly keteni köýnegine nazarym düşen pursadyndan başlady diýsem hem bolýar. Onuň ýanyna baranymy özüm bilmän galypdyryn. Sebäbi gözüň ýagyny iýip barýan keteni meni jadylapdy. Onuň döwrebap biçüwde tikilmegi bolsa, çeper elleriň ussatlygyndan habar berýärdi. Biz onuň bilen edil öňden tanyş ýaly gürrüňleşip gitdik. Bu gyzyň talyp bolmagy mende buýsançly duýgulary oýardy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Aýgözel Amangeldiýewa kämil ylmyň we bilimiň ak ýoluna gadam basan ilkinji ýylynda öz talyp durmuşynda uly üstünliklere eýe bolmagy netijesinde milli nagyşlar bilenem has içgin gyzyklanýar. Çeper elli gyz rus, türk, iňlis we ispan dillerini suwara bilýär. Onuň şol dillerde çeper kitaplary kynçylyksyz okamagy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň köp dili bilmekleri baradaky sargytlaryny, öwüt-ündewlerini talyp durmuşynda ulanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Milli medeniýetiň parlak kuýaşy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

«Buz eýýamy»

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde mawy ekranlarda hem bu pasyl bilen bagly filmler ýaýlyma berilýär. Bu, esasan hem, multfilmlerde şeýle. «Walt Disney», «Blue Sky», «Pixar» ýaly animasiýa filmlerini döreden studiýalar gyş pasly bilen bagly birnäçe multfilmleri çagalara hödürleýär. Ynha, şolaryň hatarynda «Blue Sky» studiýasy tarapyndan döredilen «Buz eýýamy» multfilmi hem körpeleriň köňül küýsegine öwrüldi. Mähriban çagalar! «Buz eýýamy» multfilmi size tanyş bolsa gerek. Çünki bu multfilm indi ýigrimi ýyla golaý wagt bäri mawy ekranyň üsti bilen dünýäniň dürli künjegindäki çagalara ýetirilýär. Gülküli wakalary özünde jemleýän bu multfilm 2002-nji ýylyň mart aýynyň 15-ine ilkinji gezek ýaýlyma berilýär. Dowamlylygy 81 minuda barabar bolan bu multfilm ilki iňlis dilinde görkezilýär. Wagtyň geçmegi bilen «Buz eýýamy» multfilmi dürli dillere terjime edilýär. Onuň ilkinji bölümi kino synçylaryň öwgüsine mynasyp bolýar. Bu bolsa, režissýorlarda multfilmiň nobatdaky bölümlerini döretmäge uly hyjuw berýär. «Buz eýýamy» multfilmi kino äleminiň iň abraýly sylaglarynyň biri bolan 75-nji Oskar baýragyna mynasyp bolýar. Mundan başga-da, multfilme birnäçe abraýly baýraklar gowşurylýar. «Buz eýýamy» multfilminiň ilkinji bölümi körpeler tarapyndan g

Buýsanja beslenen dabara

11-nji ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarynyň hormatyna dabaraly maslahat geçirildi. Dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň we A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleriniň bilelikdäki «Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä ýaýan Gahryman Arkadag!» atly edebi-sazly çykyşy bu dabaranyň özboluşly başlangyjyna öwrülip, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu kompozisiýa halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň adyna bolan çuňňur söýgüsiniň we beýik hormatynyň aýdyň beýany bolup ýaňlandy.

Kalplardan çykýan arzuwlar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan, tamamlanan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly uly üstünliklere, şanly senelere beslendi. Tamamlanan ýylda mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy esasynda amala aşyrylan içeri we daşary syýasatda gazanylan ýeňişleri, ýurdumyzda eýe bolnan şanly ösüşleri, beýik üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, ugurlarynda görmek bolýar. Beýik maksatlaryň amala aşyrylýan zamanasynda islendik ulgamda zähmet çekýän, okaýan, döredijilikli işleýän ildeşlerimiziň kalplary buýsançdan doly: Gülşat DAŇATAROWA,Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki 3-nji orta mekdebiň mugallymy:

Ylahy ylhamyň nurly mähri dünýäni çoýýar

Ylham Ylahy bolan ýagdaýynda misli belent-belent daglaryň göwsünden joşup çykan bol hem tereň suwly çeşme mysaly. Her kimiň ondan ruhy teşneligini gandyrasy, bedenini kuwwatlandyrasy, has-da manyly, joşgunly, ruhubelent, gözel ýaşamaga bolan höwesini artdyrasy, kalbynda niçeme ýyllardyr jogapsyz galan sowallaryň birin-birin çözgüdini tapasy gelýär. Ylahy ylhamyň ynsan kalbyna edýän oňaýly täsiri onuň gündelik hereketlerinde kemal tapýar. Ynsanperwerlik diýen mukaddes kelam onuň kalbynda ömürlik orun tutýar. Ylahy ylhamyň nurly hem-de yssy mährinden ruhy teşneligini gandyran ynsan kämillige tarap ýene bir ädim gadam basýar. Akyldarlaryň biri kitaby akylly ynsanlaryň döreden bagy-bossanyna deňäpdir. Ol bagyň şirin miwesinden bir dadan adam hemişe şol bagyň arzuwynda gezýär. Ol miwe şirin kelama öwrülip, halklardan halklara, kalplardan kalplara ýol salyp gidip otyr. Ol kelam bolsa göwünleriň isleginden, nesilleriň arzuwyndan gana-gana suw içip, ullakan bir daragta öwrülýär. Ol daragtyň pür-pudagy bolsa dünýä halklarynyň ýaşaýan menzil — mekanyna sary uzap gidip otyr. «Ýürekden çykan söz ýürege ýeter» diýilmeýärmi eýsem?! Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Kimde-kim alymlaryň sözüni diňläp, olara hormat edýän bolsa, ol adamyň ýoly a

Täsin sowgat

Eýsem-de, asuda, parahat ýurtda agzybir maşgalaň bilen rahatja öýüňde naz-nygmatdan bol saçakly Täze ýyly garşy almakdan uly bagt barmyka?! Täze ýylyň ilkinji günlerinde «ikinji öýüň» hasaplanýan iş ýeriňe gelip, dogan saýýan kärdeşleriň bilen Täze ýyl gutlagyny aýdyşmagyňam aýratyn lezzeti bar. Elbetde, her ýylyň başynda bolşy ýaly, bu ýyl hem ýolbaşçymyz işgärleriň arasynda maslahat geçirip, täze başlanan ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň sanawyny berdi. Şeýdibem, täze ýylyň süýji hysyrdylary başlandy. Kimsi öz ýerine ýetirmeli işiniň täze maksatnamasyny düzýär, kimsi döwrebap teklipleri paýlaşýar. Garaz, täze ýylyň ilkinji iş güni-dä!.. Menem iş otagymdaky kompýuteriň başyna geçenimden, el telefonyma jaň geldi. Jaň edýän kärdeşim Esendi.

Täze ýeňişlere täze gadamlar

Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl Gutlagyndan ruhlanan türkmen halkymyz uly şatlyk, dabara bilen ýene bir ajaýyp ýyly — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşy aldy. Mähriban türkmen halkymyz bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly buýsanç we söýgi bilen täze-täze zähmet ýeňişlerine beslär. Biz geçen, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda örän guwandyryjy taryhy wakalaryň, ösüşleriň şaýady bolduk. Geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny toýladyk. Ýurdumyzda halkara derejesinde birnäçe maslahatlar geçirildi, sergiler guraldy. Halk hojalygynyň dürli pudaklaryndaky görkezijiler hem guwandyryjy boldy. Ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmakda hem köp işler edildi. Oba hojalygy, senagat we beýleki pudaklar uly ösüşlere eýe boldy. Aziýanyň merjeni hasaplanýan gözel Aşgabadymyzda ajaýyp binalar, başy asman bilen sepleşýän gat-gat ýaşaýyş jaýlary guruldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti bilen deň derejede ösýän milli medeniýetimiz we sungatymyz bu gün dünýä doldy.