«Ussat bagşynyň ýoly» makalalar toplumyndan
Gyjakçy bagşynyň diňe bir sazandasy bolman, eýsem, onuň hemdemi, kalbynyň syrdaşy hem bolar eken. Bagşa hemdem bolan ezber sazandalaryň biri-de Bäherden etrabynyň Garagan obasynda ýaşaýan Baýry agadyr. Onuň bilen Orazgeldi Ylýasyň durmuşynda bolup geçen bu wakany garaganly Gylyçdurdy Gojaýew şeýle gürrüň berýär.