Täsin sowgat

13 Ýanwar 2021
1978

Eýsem-de, asuda, parahat ýurtda agzybir maşgalaň bilen rahatja öýüňde naz-nygmatdan bol saçakly Täze ýyly garşy almakdan uly bagt barmyka?! Täze ýylyň ilkinji günlerinde «ikinji öýüň» hasaplanýan iş ýeriňe gelip, dogan saýýan kärdeşleriň bilen Täze ýyl gutlagyny aýdyşmagyňam aýratyn lezzeti bar. Elbetde, her ýylyň başynda bolşy ýaly, bu ýyl hem ýolbaşçymyz işgärleriň arasynda maslahat geçirip, täze başlanan ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň sanawyny berdi. Şeýdibem, täze ýylyň süýji hysyrdylary başlandy. Kimsi öz ýerine ýetirmeli işiniň täze maksatnamasyny düzýär, kimsi döwrebap teklipleri paýlaşýar. Garaz, täze ýylyň ilkinji iş güni-dä!..

Menem iş otagymdaky kompýuteriň başyna geçenimden, el telefonyma jaň geldi. Jaň edýän kärdeşim Esendi.

Käbe SARENKO,
«Watan» radioýaýlymynyň işgäri.