Medeniýet halkyň kalby

11 Ýanwar 2021
1932

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek barada düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Arkadagymyz milli medeniýetimizi, taryhymyzy, ylmy we bilimi, dünýäniň birnäçe döwletleri bilen medeni gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen milli tans sungatymyzyň «Küştdepdi» görnüşi halkymyzyň medeni durmuşyny, hal-ýagdaýyny, zenanlarymyzyň arzuw-isleglerini, kalbynyň owazyny beýan etmek bilen, mukamlaryň hem hereketleriň täsin sazlaşygyny beýan edýär.

Goçmyrat GURBANOW,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin etrap Halk döredijiligi öýüniň müdiri.