HABARLAR

Magtymguly Pyragy

Paýhasyňa dünýäň kalby geň galýar,Dana şahyr Magtymguly Pyragy!Öwütlerňe barça millet diň salýar,Dana şahyr Magtymguly Pyragy! Gojaman daglarda baky keşbiň bar,Bu Watana sowulmajak yşkyň bar,Gül Diýarda şägirtleriň-nesliň bar,Dana şahyr Magtymguly Pyragy!

Salam, kinofestiwal!

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, 13 — 15-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ajaýyp sungat baýramy — «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly geçirilýär. Onuň çäklerinde Türki döwletleriň kinematografiýa ulgamynyň ýolbaşçylarynyň maslahaty, Aşgabadyň kinoteatrlarynda we kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilişi, daşary ýurtly meşhur kinoaktýorlar we režissýorlar bilen ussatlyk sapaklary hem guralar. Festiwalda sungat muşdaklaryna türkmen kinematograflarynyň döreden täze eserleri bilen birlikde, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan hem-de Tywa Respublikalarynyň sungat ussatlarynyň döreden çeper, dokumental hem-de multfilmleri tomaşaçylara hödürlenilýär. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary halkara festiwala ýokary derejede taýýarlyk gördüler. Bagtyýar watandaşlarymyza türkmen kinoçylarynyň «Kompozitor», «Magtymguly Pyragy», «Kitap», şeýle hem türkmen we özbek kino işgärleriniň bilelikde taýýarlan «Magtymguly Pyragy» atly çeper filmleri, Magtymgulynyň döredijiligi barada Hindistanda, Azerbaýjanda hem-de Özbegista

Aýdym-saza maýyl bolsaň

Adam bedeni ýaşamak üçin kadaly iýip-içmäge, dem almaga mätäç bolşy ýaly, ruhy taýdan iýmitlenmäge-de zerurlyk duýýar. Aýdym-saza teşneligimiz, mahal-mahal özümiziň-de hiňlenip, joşubermegimiz hem şu sebäpli bolsa gerek. Bilermenler sazyň her adama özboluşly täsir edýändigini belleýärler. Aýdym-saz sungaty jana ýakymly, ýüreklere ganat beriji «iýmitdir». Ol adamyň ýüregine güýç, göwnüne juwanlyk berýär, garrylygyň, tapdan düşmekligiň öňüni alýar, dertleri dep edip, özüňi duýşuňy gowulaýar, immuniteti ýokarlandyrýar. Saz diňlemek we saz gurallarynda saz çalmak, aýdym diňlemek ýa-da aýdym aýtmak — adamyň nerw ulgamyna rahatlyk berýär. Haýsydyr bir iş bilen meşgullanan pursatlarymyzda, ýolda-ýörişde göwnümize ýaraýan aýdym-sazlary diňlemek saglyk ýagdaýymyza peýdaly täsir edýär. Ol adamyň günüň dowamyndaky ýadawlygynyň geçmegine, işe başlamazdan öň diňlenende bolsa, zähmet gününe has keýpiçag başlamaga höweslendirýär. Mundan başga-da, aýdym-sazy köp diňleýän adamlaryň ýatkeşligi beýlekilerden tapawutly bolýar.

Milli medeniýetimize buýsanç

Häzirki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler ähli watandaşlarymyz bilen birlikde, bilim işgärlerini hem örän buýsandyrýar. Bu ýylda hem şöhratly taryhymyz, milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýar, giňden wagyz edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda medeniýet diplomatiýasy ösdürilýär. Hut şonuň netijesinde hem, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä dillerine terjime edildi. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty üstünliklere beslenýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz «Açyk gapylar» we oňyn Bitaraplyk syýasatyny amala aşyryp, parahatçylykly, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr. Türkmenistanyň daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygy döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolup, özara bähbitli we birek-bi

Kino sungaty dabaralanýar

Şu gün paýtagtymyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly açylýar. Onuň açylyş we ýapylyş, baýraklarynyň gowşurylyş dabaralary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Bu sungat baýramçylygynyň çäklerinde «Aşgabat» myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygyny geçirmek, «Aşgabat» kinoteatrynda, «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilmegi, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň talyplar üçin ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzdaky we onuň etegindäki ajaýyp ýerlere gezelençler guralar. Kinofestiwal 2021-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde, 2022-nji ýylda Bursa şäherinde, 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirildi. Festiwalyň netijeleri boýunça «Iň gowy film», «Iň gowy dokumental film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy edebi esasy ýazyjy», «Iň gowy zenan keşbi», «Iň gowy erkek keşbi» ýaly birnäçe ugurlardan baýraklar bellenilendir. Şeýle hem onuň çäklerinde türki medeniýetiň ösmeginde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin halypalar hem sarpalanýar.

Kino sungatynyň ussady

Milli sungatymyzy ösdürmek, ussat halypalary ýatlamak, hatyralamak biz — medeniýet işgärleriniň borjudyr. Türkmeniň kino sungatyny dünýä ýaýmakda ençeme işleri bitiren halypalaryň biri, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi Muhammet Söýünhanowdyr. Ol özüniň gysga, emma manyly ömründe türkmen kino sungatynda hiç kimiňkä meňzemeýän täsin komediýalary bilen bir hatarda, döwrüň wajyp meselelerine bagyşlanan täsirli dokumental filmleriň hem birnäçesini surata düşürdi. XX asyryň 70-nji ýyllary Muhammet aganyň öndümli işlän ýyllary bolýar. Ol ýaşlara niýetlenen «Söýmek gerek» atly filmi surata düşürip, söýginiň adamzady hemişe tolgundyryp gelendigini, ony goramagyň zerurdygyny ýaşlara ündew edýär.

Haly düşek törde ýagşy

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň lirikasyny bezeýän 70-e golaý şygyrlarynda dokmaçylyk önümleri, esbaplary, bezegleri, matalaryň atlary, reňkleri bilen bagly leksik aňlatmalaryň 100-den gowragy duş gelýär. Şahyryň «Gyş bolar», «Nahana geldiň», «Bibat görüner», «Utup durupdyr», «Daň atmazdan burun», «Don gerek», «Şalyk bile», «Atça bolmaz», «Köýmän ýigide», «Köz bile», «Ölmezden burun»... ýaly goşgularyny milli dokmaçylyk önümlerine bagyşlanan eserleriň iň görnükli nusgalary hasaplamak bolar. Dananyň «Şalyk bile» atly gazalynyň ikinji bendiniň üçünji setirinde «Ýatsa ýer boldy düşek, örtünjesi parça kilim», «Don tapylmasa» atly şygrynyň birinji bendinde «Dok talaşar sigse hylgat geýmäge, // Kilim gözel zatdyr don tapylmasa» diýen pähimli setirleri okamak bolýar. Kilim — ýüwürdilende, haly ýaly ýüwürdilip, öýdülip dokalýan, ýüzüne dürli nagyşlar salynýan, kiçi dokmaçylyk düşeklik önümidir. Ýaşy üç asyry dolduryp barýan ussadyň dana setirlerinde sigse sözi — ýüz, şatlanyp, joşup, doýgun, şeýda ediji, saýlanan, arassa diýmekligi, hylgat sözi — şalaryň halady, emirleriň serpaýy, begleriň sylagly peşgeşi diýmekligi aňladýar.

Ýazyjynyň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanan dabara

Düýn Kerki etrabynda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, belli ýazyjy Osman Ödäýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi. Okyjylara çuňňur mazmunly eserleriň 34 tomlugyny miras galdyran ýazyjynyň etrap medeniýet öýünde geçirilen dabarasyna ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary, edebiýaty öwreniji alymlar, medeniýet we sungat işgärleri, belli bagşy-sazandalar, ýazyjynyň eserleriniň muşdaklary we bilim işgärleri gatnaşdylar. Pederlerimiziň merdi-merdanalygyny, dünýä halklaryna nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerini, medeni-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýän eserleri bilen okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan Osman Ödäýewiň ömri we döredijiligi baradaky çykyşlar bu ýere ýygnanan edebiýat muşdaklarynda aýratyn täsir galdyrdy. Ömrüni edebi döredijilige bagyşlan Osman Ödäýewiň adynyň dogduk obasyndaky köçä, özüniň okan mekdebine dakylmagy hem-de bu ýerde heýkeliniň oturdylmagy ýazyja döwletimiz tarapyndan goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasydyr. Ussat ýazyjynyň galamynyň astyndan çykan watansöýüjilige, milli ýörelgelerimize ygrarlylyga ýugrulan, ynsan mertebesiniň mukaddesliklerini açyp görkezýän hekaýalardyr powestleri, giň göwrümli romanlary halkymyz üçin ruhy ýörelgedir, nesillerimiz üçin watançylyk hem-de ynsanperwerlik mekdebidir diýlip,

Milli terbiýede görelde mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr. Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen, merdana halkymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki döwürde döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan miras galan asylly däpler, milli ýörelgeler häzirki döwrüň iň öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Türkmen halkymyzda “Akyl ýaşda däl, başda” diýen parasatly söz bar. Munuň özi milli terbiýäni has ir başlamalydygyny aňladýar. Ýaş çagalarymyzy, nesillerimizi başdan terbiýeli edip ýetişdirmek, olaryň aňyna diňe oňat häsiýetleri siňdirmek biziň borjumyzdyr. Çaganyň ýaşlygyndan ukyp-başarnygyna görä, ömri bilen ömürdeş boljak hünäri saýlamagynda ata-enäniň, mugallymyň tutýan orny uludyr. Höwesli, irginsiz, yzygiderli zähmet çekm

Taryhçy suratkeş

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi, «Gaýrat» medalynyň eýesi, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurowyň şahsy döredijilik sergisi açyldy. Sergide nakgaş mugallymyň dürli ýyllarda döreden «Amyderýa agşamy», «Hazar maýagy», «Gurtly köli», «Durnalar» we ýene birnäçe ajaýyp eserleri görkezilýär. Ussat suratkeş öz eserlerinde türkmen topragynyň tebigy gözelliklerinden başlap, döredijilik saparlarynda bolan dürli ülkeleriniň owadan görnüşlerine çenli ýüzlenýär. Onuň döredijiliginde milli däp-dessurlarymyz, özboluşly medeniýetimiz we şöhratly taryhymyz öz beýanyny tapýar.