Düýn Kerki etrabynda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, belli ýazyjy Osman Ödäýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi. Okyjylara çuňňur mazmunly eserleriň 34 tomlugyny miras galdyran ýazyjynyň etrap medeniýet öýünde geçirilen dabarasyna ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary, edebiýaty öwreniji alymlar, medeniýet we sungat işgärleri, belli bagşy-sazandalar, ýazyjynyň eserleriniň muşdaklary we bilim işgärleri gatnaşdylar. Pederlerimiziň merdi-merdanalygyny, dünýä halklaryna nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerini, medeni-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýän eserleri bilen okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan Osman Ödäýewiň ömri we döredijiligi baradaky çykyşlar bu ýere ýygnanan edebiýat muşdaklarynda aýratyn täsir galdyrdy. Ömrüni edebi döredijilige bagyşlan Osman Ödäýewiň adynyň dogduk obasyndaky köçä, özüniň okan mekdebine dakylmagy hem-de bu ýerde heýkeliniň oturdylmagy ýazyja döwletimiz tarapyndan goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasydyr. Ussat ýazyjynyň galamynyň astyndan çykan watansöýüjilige, milli ýörelgelerimize ygrarlylyga ýugrulan, ynsan mertebesiniň mukaddesliklerini açyp görkezýän hekaýalardyr powestleri, giň göwrümli romanlary halkymyz üçin ruhy ýörelgedir, nesillerimiz üçin watançylyk hem-de ynsanperwerlik mekdebidir diýlip, çykyşlaryň dowamynda nygtalyp bellenildi. Şeýle hem çykyş edenler beýik şahsyýetlerimize, döredijilik işgärlerine goýýan belent sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Çykyşlaryň ýazyjynyň okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanylan «Altynjan hatyn» romany esasynda döredilen dessandan parçalaryň aýdylmagy, medeniýet-sungat işgärleriniň şowhunly aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşmagy bu täsirli dabara aýratyn röwüş çaýdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýazyjynyň manyly ömrüni, giň gerimli döredijilik dünýäsini açyp görkezýän öý-muzeýi bilen tanyşdylar.