Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň medeniýetini we sungatyny çuňňur öwrenmäge giň ýollar açylýar. Bagtyýar zamanamyzda milli dizaýn, nakgaşlyk we grafika sungatlarynyň utgaşykly ösüşine, şeýle-de halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, arheologiýa we muzeý işini düýpli öwrenmäge saldamly goşant goşan şahsyýetleriň biri hem Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Dizaýnerler birleşiginiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty, «Watana bolan söýgüsi üçin», «Gaýrat» we «Magtymguly Pyragy» medallarynyň eýesi Öwezmuhammet Mämmetnurowdyr.
Ö. Mämmetnurowyň ady eýýäm ýarym asyrdan gowrak wagt bäri tanalýar. Halypanyň Watanymyzyň öňünde bitiren işleri oňa meşhurlyk getirdi. Mälim bolşy ýaly, halypanyň giň gerimli döredijiligi onuň köptaraply zehinini açyp görkezýän täze pikir-düşünjeleriň özboluşly beýanydyr. Ussat dürli žanrlar we akymlar boýunça ençeme eserleri kemala getirip, öz döredijiliginde birnäçe sungatlary özara utgaşdyrmagy başardy.