Taryhçy suratkeş

7 Noýabr 2024
401

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi, «Gaýrat» medalynyň eýesi, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurowyň şahsy döredijilik sergisi açyldy. Sergide nakgaş mugallymyň dürli ýyllarda döreden «Amyderýa agşamy», «Hazar maýagy», «Gurtly köli», «Durnalar» we ýene birnäçe ajaýyp eserleri görkezilýär.

Ussat suratkeş öz eserlerinde türkmen topragynyň tebigy gözelliklerinden başlap, döredijilik saparlarynda bolan dürli ülkeleriniň owadan görnüşlerine çenli ýüzlenýär. Onuň döredijiliginde milli däp-dessurlarymyz, özboluşly medeniýetimiz we şöhratly taryhymyz öz beýanyny tapýar.

Selim RASULOW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.