HABARLAR

Wagyz-nesihat çäresi

Belentden ýaňlandy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede toýlamak maksady bilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Garagum etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda etrapdaky “Bagtyýar türkmen” toý mekanynda “Medeniýet halkyň kalbydyr” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Gyzykly geçen bäsleşik

Ýakynda «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine dynç almaga gelen körpeleriň arasynda Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de Gyzylarbat etrabynyň polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesi bilen bilelikde çagalaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bäsleşik geçirdik. Çagalary ýol hereketiniň kadalary bilen tanyşdyrmak we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, köçelerde, ýollarda we jemgyýetçilik ulaglarynda çagalaryň özlerini howpsuz we medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek maksady bilen geçirilen bäsleşikde körpeleriň geljekde Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri arzuw edildi. Çärä gatnaşan çagalara  ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Akyldar şahyryň belent sarpasy

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Esenguly şäherindäki Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňünde dabaraly çäre geçirildi. Oňa medeniýet işgärleri, ýerli şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ak saçly eneler gatnaşdylar. Çäre şahyryň heýkeline gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Soňra medeniýet işgärleri çykyş edip, ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň ösüşi, akyldar şahyra goýulýan sarpa barada gürüň etdiler, ýerli şahyrlar goşgularyny okadylar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlar, edebi-sazly çykyşlar dabara bezeg berdi. Medeniýet we sungat işgärlerine jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

Käbir okruglar boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 27-nji iýunyndan başlap, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» okruglary boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy. Ýokarda ady agzalan Kodekse laýyklykda, saýlaw gününden 10 gün öň ses bermek mümkinçiligi saýlaw hukugyna eýe bolan, 7-nji iýuldaky saýlaw güni ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän, gulluk iş saparyna ýa-da zähmet dynç alşyna gidýän, şeýle hem käbir sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip bilmeýän raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr. Şu günler saýlaw uçastok toparlarynyň netijeli işleri alyp barýandygyny bellemek gerek. Olaryň düzümine zähmetkeş toparlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň has mynasyp wekilleri girýär. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH-a habar berlişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda guraldy. Üç okrugda saýlaw uçastoklarynyň 60-sy doly taýýar edildi. Olar kabinalar we birmeňzeş nusgadaky ses bermek üçin gutular, degişli tehniki enjamlar, saýlawlar boýunça mag

Ruhy joşgunyň baýramy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeligi sebitde ýeke-täk «akylly» şäher — Arkadag şäherinde uly ruhubelentlikde geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän forumyň açylyşy mynasybetli, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen aýdym-sazly dabara hepdeligiň dowamynda guraljak çäreleriň uly ruhubelentlige beslenjekdigini alamatlandyrdy.

Gahryman Arkadagly bagtyýar Diýar

Arkadag şäheri — geljegiň şäheri

Beýik işleriň rowaçlanýan ajaýyp döwründe hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini halk bähbidine gönükdirilip alnyp barylýan döwletli tutumlardan aýdyň görmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheri geljegiň şäheri hökmünde ata Watanymyza şan getiren ajaýyp künjekleriň birine öwrüldi. Geçen ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ajaýyp şäheriň açylmagy bilen bu behişdi künjekde bagtyýar durmuş başlandy. Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny äleme ýaýan ajaýyp şäheriň gysga wagtda gurlup ulanmaga berilmegi bilen, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher peýda boldy. Bu ýerde gurlan medeni-durmuş maksatly binalaryň ählisinde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy ekologik abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ädim boldy.

Milli medeniýetiň galkynýan döwri

Dädebaý NARTYÝEW, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, şahyr:

Gallaçylaryň armasy ýetirildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Köneürgenç etrabynyň gallaçylary 17500 gektar ýerde «guşgursak» ak bugdaýyň bereketli hasylyny kemala getirip, şu günler galla oragyny barha gyzgalaňly dowam etdirýärler. Ýokary guramaçylykly dowam edýän bu jogapkärli möwsümde günortanky gysga wagtlyk arakesme wagtynda medeni çäreler geçirilip, orak möwsümine gatnaşýanlaryň armasy ýetirilýär. Şeýle çäreleriň biri etrabyň «Akgala» daýhan birleşiginiň galla meýdanynda hem geçirildi.

Gümrük hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giň gerimde ornaşdyrylýan sanly ulgamyň çäksiz mümkinçilikleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini ýokarlandyrmak we halkara logistika ulgamyny ösdürmek babatda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň gümrük gullugynyň edaralaryna sanly tehnologiýalary we bitewi maglumat toruny ornaşdyrmaklyga hem aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda gümrük nokatlarynda ýola goýlan sanly hyzmatlar halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulaglaryň gümrük serhedinden geçirilmegini tizleşdirmäge mümkinçilik döredýär. «TIR-EPD» sanly ulgamyň, bitewi maglumat torunyň, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» we «ASYСUDA World» atly bitewi gümrük maglumat ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň gümrük nokatlarynda amala aşyrylýan işleriň netijeliligi has-da ýokarlandy. Sanly maglumat monitorlary arkaly serhetýaka gümrük nokatlarynda daşary ýurtly sürüjileriň gümrük resmileşdirmesine dahylly bolan maglumatlar, resminamalar, gümrük tölegleriniň görnüşleri we möçberi, olaryň huku