Ak ýollara badalga

26 Iýun 2024
226

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde awtomobil ýollarynyň gurluşygy we olaryň durkuny abatlaýyş işleri boýunça taslamalar hem-de meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa döwletimiziň ählumumy ulag-logistika düzüminiň ösdürilmegine, Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine öz täsirini ýetirýär. Şu ýyl maňa hem Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Men Şa serpaýyna mynasyp boldum. Meniň ylmy işim «Awtomobil ýollarynyň erňegini berkitmegiň biologik usuly» diýip atlandyrylýar. Ylmy işim boýunça synag edilýän ýoluň gyrasynda ini 10 metre, uzynlygy 20 metre çenli, çäge-çöl agaç ösümliklerinden durýan biologik zolagy emele getirmek üçin tejribe meýdançasy döredildi. Biologik zolagy emele getirmek işleri 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda başlandy we 2022-nji ýylyň noýabr aýynda tamamlandy. Ýerli şertlere görä, tebigy ýagdaýda gögerip çykýan çäge-çöl agaç ösümlikleriniň nahallary gara sazak, ak sazak, çerkez, selin, borjak we ýylgyn tejribe meýdançasynda hatar aralyklary, düýp aralyklary 2 metrden oturdyldy. Bu ösümlikleri süýşýän çägelikleri berkitmek üçin biologik zolagy emele getirmekde ulanmak maksada laýyk hasaplanylýar. Ýol ulgamlaryny suwdan we ýelden goramak üçin geçirilen tejribe işleriniň netijelerini ýurdumyzyň çäklerinde hereket edýän we gurulýan awtomobil ýollaryny goramak üçin ulanmak teklip edilýär.

Biz — ýaşlara ylym-bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

Amanmyrat ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.