Giň dünýäniň geň habarlary

26 Iýun 2024
204

Altynyň deregine

Şwesiýanyň Linçeping uniwersitetiniň alymlary «Golden» diýlip atlandyrylan täze materialy döretdiler. Ol elektron önümleriň düzüm böleklerinde peýdalanylýan gymmat baha metallaryň ýerini tutar. Altynyň iki ölçegli görnüşi bolan goldeni almak üçin alymlar ýukajyk kremniý plastinasyny titan hem-de karbid galyplarynyň arasyndan geçirip, altyn çaýmak arkaly aldylar. Ondan soň altynyň atomlary bilen kremniniň atomlary garyşýança gyzdyrylýar. Alymlar häzirki wagtda beýleki metallaryň hem iki ölçegli görnüşlerini döretmek üçin ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.