Arkadag şäheri — geljegiň şäheri

26 Iýun 2024
300

Beýik işleriň rowaçlanýan ajaýyp döwründe hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini halk bähbidine gönükdirilip alnyp barylýan döwletli tutumlardan aýdyň görmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheri geljegiň şäheri hökmünde ata Watanymyza şan getiren ajaýyp künjekleriň birine öwrüldi.

Geçen ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ajaýyp şäheriň açylmagy bilen bu behişdi künjekde bagtyýar durmuş başlandy. Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny äleme ýaýan ajaýyp şäheriň gysga wagtda gurlup ulanmaga berilmegi bilen, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher peýda boldy. Bu ýerde gurlan medeni-durmuş maksatly binalaryň ählisinde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy ekologik abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ädim boldy.

«Daşoguz habarlary».