HABARLAR

Paýhasly pikirler

Iň ýokary paýhas ýagşylygy we ýamanlygy tapawutlandyryp bilmekdir.Sokrat.*  *  *Ukyply adam ýene-de has ukyply bolmak isleginden ejir çekýär.Konfusiý.*  *  *Seniň ilkinji kanunyň özüňe bolan hormatyň bolmalydyr.Pifagor.*  *  *Eždatlaryňa hormatsyzlyk ahlaksyzlygyň birinji alamatydyr. Aleksandr Puşkin.*  *  *Eger-de siziň gideniňizi hiç kim aňmadyk bolsa, onda siz ýöne ýere gitmänsiňiz.Lew Tolstoý.*  *  *Paýhasly adamyň hakyky alamaty onuň sabyrlylygydyr.Genrik Ibsen.*  *  *Gahar-gazap hemişe erbet maslahatçy hasaplanýar.Emil Zolýa.*  *  *Iş ähli bela-beterleriň iň gowy dermanydyr.Ernest Hemingueý.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Ruhubelentligiň ýörelgesi Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bu babatda durmuşa geçirilýän işleriň maksady neşekeşligi we beýleki zyýanly endikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Sagdyn durmuş ilatyň saglygyny goramakda, maşgalalaryň agzybirligini, jemgyýetimiziň jebisligini, mäkämligini üpjün etmekde iňňän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem neşekeşlik bilen birlikde, arakhorlugyň, çilimkeşligiň we naskeşligiň öňüni almak bilen bagly çärelerem möhüm işe öwrülýär.

Şadyýan tomus — 2024

Giň mümkinçilikler döredilýär Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edip, olar eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde açylyp, ulanylmaga berilýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç alýarlar, wagtlaryny sapaly hem hoş geçirýärler. Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri çagalary tapgyrma-tapgyr kabul edýär. “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň işgärleriniň çagalary “Nesil”, “Çeşme”, “Şöhle” we “Nebitçi” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almaga ugradylýar. Çagalaryň dynç alyş döwrüniň 1-nji tapgyrynda 150, 2-nji tapgyrynda 160 çaga merkezlerde dynç alyp, möwsümiň 3-nji tapgyrynda 200-e golaý çaganyň dynç almaga gitmegi meýilleşdirilýär. Bu bolsa, çagalar hakynda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

“01” gullugynda

Himiýa önümleriniň ýangyn howpsuzlygy Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň 3-nji otrýadynyň ÝHB-niň ýangyn gözegçiliginiň müdiri, içerki gullugyň maýory Begenç BAÝJAÝEW bilen duşuşyp, himiýa önümleri saklananda, daşalanda we ulanylanda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary dogrusynda gürrüň bermegini haýyş etdi.

“01” gullugynda

Himiýa önümleriniň ýangyn howpsuzlygy Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň 3-nji otrýadynyň ÝHB-niň ýangyn gözegçiliginiň müdiri, içerki gullugyň maýory Begenç BAÝJAÝEW bilen duşuşyp, himiýa önümleri saklananda, daşalanda we ulanylanda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary dogrusynda gürrüň bermegini haýyş etdi.

It — wepa

(Bolan waka) Güýz paslynyň bir günüdi. Howa sowap, çigrek düşüpdi. Uly goýun sürüsi selin-sazakly Maýa bozlan çölüniň içi bilen suwly howza tarap eňip barýardy.

Kämil kanunçylyk ― ösüşleriň binýady

Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni, hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda, adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagynda we berjaý edilmeginde, durmuş-ykdysady, hukuk özgertmeleriniň amala aşyrylmagynda Konstitusiýa möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerine we kadalaryna pugta eýerilip, biziň döwletimizde syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim babatyndaky ösüşlerimiziň bitewi ulgamyny öz içine alýan özgertmeler amala aşyrylýar, kanunlar kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän, döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrundaky alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä berk eýerilýär. Netijede ýurdumyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüşini dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan derejelere çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler amala aşyrylýar. Ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirkizaman ulag, aragatnaşyk ulgamyny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherl

Täsirli geçen söhbetdeşlik

Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni götermegi bilen baglylykda, şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan işjeň agzalaryň gatnaşmagynda baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «tegelek stoluň» başynda guralan söhbetdeşlik hem täsirli çäreleriň biri boldy. Söhbetdeşlige gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan ugur alyp, gadymy Änew medeniýeti, bu topragyň şan-şöhrata beslenen taryhy we şu günki barha özgerýän keşbi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Bu gün halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny öwrenmekde we giňden wagyz etmekde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti hakda aýdylanlar hem ünsi çekiji boldy.

Döredijiligiň we ruhubelentligiň baýramy

Bagtyýar türkmen ili 27-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uly dabaralara besläp belläp geçdi. Ýurdumyzyň abadanlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ruhubelentliginiň we döredijiligiň baýramy hökmünde giňden dabaralandyrylan şanly sene gadymy Ahal ýaýlasynda hem baý dabaralara utgaşdy. Änew şäheriniň merkezi seýilgähinde — akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki toý meýdançasynda geçirilen dabara göwün göteriji duýgulara beslendi. Welaýat häkimligi, welaýat Medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralan dabara edara-kärhanalaryň zähmetkeşleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar hem-de medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdy.

Berekediň başy — bugdaý

Güneşli Diýarymyzda galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde guralan «Berekediň başy — bugdaý» atly sergi-bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak, zähmet toparlarynyň ugurtapyjylygyny, täzeçillige ymtylyşlaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen sergi-bäsleşige welaýatymyzyň etraplaryndan toparlar gatnaşdy. Olar bugdaý desseleridir dänelerden taýýarlan dürli şekilleriniň sergisini guradylar. Muzeýiň giň eýwanyny bezän owadan, göze gelüwli şekilleriň sergisi ünsi çekiji boldy. Özboluşly bäsleşige gatnaşyjylar sergä hödürlän işleriniň her biri hakda gürrüň berdiler. Ylaýta-da, bugdaý desselerini saýlap alyşlary, bugdaý desseleridir dänelerden dürli şekilleri ýasamagyň aýratynlyklary hakdaky täsirli gürrüňleri gyzyklanma bilen diňlendi. Olar ýerine ýetiren we sergide görkezen owadan şekillerini goşgy setirlerinde labyzly wasp etmekde hem ukybyny görkezdiler.