Lezzetli nygmat

2 Iýul 2024
239

Tagamynyň datlylygy bilen tapawutlanýan «Çupa çups» süýjüsi çagalaryň arasynda uly höwes bildirilýän kemputlaryň biridir. Süýjiniň bu görnüşiniň emele geliş taryhy hem özüne çekiji. Dürli süýjüliklerdir köke önümlerini öndürýän kärhananyň ýolbaşçysy Enrike Bernat bir zenanyň süýji iýensoň, elini-ýüzüni şire-şepbik eden perzendine käýäp duranyny görende, pikire batypdyr. Ol çagalaryň el-ýüzüni, egin-eşigini hapalamaýan süýjiniň görnüşini döretmegiň ugruna çykypdyr.

Enrike Bernadyň şol döwür marmelad öndürýän kärhanasy bar eken. Telekeçi nähili bolanda süýjiniň şiresiniň çaganyň üst-başyna degmejekdigini, eliniň-ýüzüniň şire bolmajakdygyny göz öňüne getiripdir. Birnäçe tejribeden soň, ugurtapyjy Enrike Bernat süýjini çöpe ildirip görüpdir we şonda garaşylýan netijäni alypdyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Orazmyrat TAÝLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.