Diýarymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany
Döwletiň we jemgyýetiň baş baýlygy hasaplanylýan adam hakdaky alada amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň, giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň esasyny düzýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi bolsa adamlara öz mümkinçiliklerini açyp görkezmäge ýardam edýär. Türkmenistan tebigaty goramak baradaky halkara resminamalara goşulmak bilen, daşky gurşawy goramak hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri geçirýär. Bu işleriň netijeleri Watanymyzyň sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmündäki halkara abraýyny artdyryp, Diýarymyzda adamyň saglygyna näderejede uly ünsüň berilýändigini görkezýär.