Tebigatyň gözelligini goralyň!

2 gün öň
20

Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, çeşme-çaýlary, dürli dermanlyk otlarydyr ösümlikleri, haýwanat dünýäsi göreni haýrana goýýar. Ol gözellikleri synlap, kalbyň heýjana gelýär. Bu mukaddes toprakda ajaýyp zamanada ýaşap, zähmet çekýändigiňe buýsanjyň artýar. Tebigatyň baýlyklaryny goramak, ony aýawly saklamak biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Ajaýyp tebigatymyzda, tokaý-seýilgäh zolaklarynda, daglardadyr düzlüklerde, öri meýdanlarynda, köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi ýangyn döremeginiň öňüni almakdyr. Onuň üçin aşakdakylary bilmek zerurdyr.

Şamyrat SAZAKOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.