HABARLAR

Nä­me üçin pan­da­la­ryň sü­tü­gi ala­be­der?

Dün­ýä­de ýi­tip git­mek how­py aban­ýan jan­dar­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýän pan­da­lar bam­buk to­kaý­lyk­la­ry bi­len ta­nal­ýan Hy­ta­ýyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da ýa­şa­ýar­lar. Hä­zir­ki wagt­da bu ena­ýy­ja aýy­la­ryň sa­ny­nyň 2 müň­den geç­me­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Du­man­ly we ýa­gyş­ly ho­wa uý­gun­la­şan pan­da­la­ryň sü­tü­gi­niň ak we ga­ra reňk­de bol­ma­gy köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Eý­sem, nä­me üçin bam­buk aýy­sy­nyň reň­ki ap-ak, ýa şar ga­ra, ýa-da go­ňur däl. Nä­me üçin beý­le­ki jan­dar­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da pan­da­la­ryň sü­tü­gi ala­be­der? Süý­dem­di­ri­ji­le­riň kö­pü­si­niň sü­tü­gi bir­sy­dyr­gyn reňk­de bol­ýar. Em­ma pan­da­la­ryň beý­le­ki jan­dar­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da «eli», aýa­gy we gu­la­gy tu­tuş­ly­gy­na ga­ra bo­lup, göw­re­si­niň ga­lan bö­le­gi­ni ak sü­tük ört­ýär. Şeý­le hem äh­li pan­da­nyň gö­zün­de ga­ra me­nek­ler bar.

Singapur – täsinlikleriň şäheri

Uçar­dan ýa­ňy dü­şen bol­sa­ňyz, ho­wa men­zi­lin­den en­tek çyk­maň! «Je­wel Chan­gi» ho­wa men­zi­lin­dä­ki tä­sinlikle­riň şa­ýa­dy bo­luň! Bu aja­ýyp güm­mez­de 280-den gow­rak na­har­ha­na we söw­da mer­ke­zi bar. Bi­na­nyň mer­ke­zin­dä­ki 40 metr be­ýik­lik­dä­ki ýa­pyk şag­la­wuk daş-tö­we­re­gin­dä­ki to­kaý zo­la­gy­na gö­zel­lik ber­ýär. Bu ýer­de ça­ga­lar üçin oýun meý­dan­ça­la­ry hem gur­lup­dyr. Sin­ga­pur­da ge­ze­lenç­le­ri amat­ly we aň­sat­lyk bi­len ama­la aşyr­mak üçin jem­gy­ýet­çi­lik ulag se­riş­de­le­ri he­re­ket ed­ýär. Şä­her­de ýo­ka­ry de­re­je­li söw­da mer­kez­le­ri­niň, ka­şaň myh­man­ha­na­la­ryň we döw­re­bap na­har­ha­na­la­ryň bir­nä­çe­si bo­lup, maş­ga­la üçin att­rak­si­on­lar, fu­tu­ris­tik şä­he­ri öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän ta­ry­hy mu­zeý­ler we et­ni­ki ýer­ler bar. Sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da ösen Sin­ga­pu­ryň aja­ýyp ýer­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

Çaga terbiýesinde üns berilmeli jümleler

Ça­ga­la­ry ter­bi­ýe­le­mek çyl­şy­rym­ly iş bo­lup, bir­nä­çe ça­ga­ny ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ata-ene­le­riň işi­ni has-da kyn­laş­dyr­ýar. Ça­ga­la­ryň her bi­ri­niň hä­si­ýe­ti­ne la­ýyk­lyk­da gat­na­şyk­da bol­mak, do­gan­la­ryň ag­zy­bir­li­gi­ni ga­zan­mak maş­ga­la ag­za­la­ry üçin wa­jyp­dyr. Ata-ene­le­riň bil­mez­lik­den ýa-da ga­har bi­len aýd­ýan söz­le­ri kä­te do­gan­la­ryň ara­syn­da dü­şü­niş­mez­li­ge se­bäp bo­lup bi­ler. Maş­ga­la­da ça­ga­la­ryň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şyk, öz­le­ri­ni alyp bar­şy we bi­rek-bi­re­ge bo­lan sy­lag-hor­ma­ty ata-ene­le­riň ter­bi­ýe­si hem-de gö­rel­de­si esa­syn­da eme­le gel­ýär. Kä­te go­wy gör­lüp aý­dyl­ýan söz­ler soň­lu­gy bi­len ça­ga­la­ryň ara­syn­da bäs­deş­lik ýa-da ga­ban­jaň­lyk ýa­ly duý­gu­la­ry dö­re­dip bi­ler. Bu ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak üçin kä­bir söz­ler­den hem-de jüm­le­ler­den ga­ça dur­mak mö­hüm­dir. Haý­sy jümleler do­gan­la­ryň ara­syn­da dü­şü­niş­mez­li­ge se­bäp bo­lup bi­ler? Ge­liň, bu­la­ryň kä­bi­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Do­ga­nyň­dan gö­rel­de al! Köp­lenç ula­nyl­ýan bu jüm­le soň­lu­gy

Dün­ýä­niň iň owa­dan şä­her­le­ri

Ýew­ro­panyň şäherleri dün­ýä­niň iň owa­dan şä­her­le­ri­niň tä­ze sa­na­wyn­da il­kin­ji on­lu­gyň do­ku­zy­sy­ny eýe­le­ýär. Bu ba­ra­da «Eu­ro­news» web saý­ty ha­bar ber­ýär. Sa­naw müň­ler­çe ýyl­dan bä­ri bi­na­gär­lik­de te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi­ni de­ňag­ram­ly, saz­la­şyk­ly ula­nyp, al­tyn ölceg düz­gü­ni­ne la­ýyk gel­ýän bi­na­la­ryň aý­ra­tyn­ly­gy­na esas­lan­ýar. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «On­li­ne Mort­ga­ge Advisor» web sa­hy­pa­sy ta­ra­pyn­dan dü­zü­len sa­na­wyň il­kin­ji on­lu­gy­na Ýew­ro­pa­nyň paý­tagt­la­ry­nyň en­çe­me­si gir­ýär. Eý­sem, haý­sy şä­her­ler­de dün­ýä­de iň özü­ne çe­ki­ji bi­na­lar bar? We­ne­si­ýa eg­rem-bug­ram ka­nal­la­ry we ek­lek­tik bi­na­gär­li­gi bi­len il­kin­ji or­ny eýe­le­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä, şä­he­riň bi­na­la­ry­nyň 83 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy ýo­ka­ry ül­ňü­le­re la­ýyk gel­ýär. Ita­li­ýa­nyň bu şä­he­ri­niň ja­han­keş­de­le­riň ara­syn­da beý­le meş­hur bol­ma­gy ýö­ne ýe­re däl­dir. Çün­ki 2023-nji ýyl­da 5,7 mil­li­on adam bu şä­he­re ge­lip gö­rüp­dir. Bu san­la­ryň ag­dyk­ly­gy

Ga­raş­syz­lyk gü­ni bel­len­di

Agaçdan guruljak iň beýik bina

ABŞ-nyň Wis­kon­sin şta­ty­nyň Mi­luo­ki şä­he­rin­de dün­ýä­niň iň be­ýik agaç­ bi­na­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bi­na­nyň tas­la­ma­sy­nyň «Micha­el Green Archi­tectu­re» bi­na­gär­lik býu­ro­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len­di­gi ha­bar be­ril­di. Hä­zir­lik­çe bi­na­nyň ta­kyk be­ýik­li­gi bel­li bol­ma­sa-da, tas­la­ma­ny dü­zü­ji­ler gök­di­rä­niň 55 gat­dan be­ýik bol­ma­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Bu des­ga ozal­ky iň be­ýik agaç bi­na­dan – Mi­luo­ki­dä­ki 25 gat­ly «Ascent» di­ňin­den ep-es­li be­ýik bo­lar. Bi­na­da azyn­dan 75 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy, 300 sa­ny myh­man­ha­na ota­gy we köp san­ly ofis üçin otag­lar bo­lar. Şeý­le hem bi­na­nyň ýa­na­şyk çäk­le­rin­de köp san­ly aw­tou­lag du­ral­ga­sy, jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­ri we py­ýa­da ýo­da­lar gurlar. Tas­la­ma­nyň ba­ha­sy 700 mil­li­on dol­lar­dan gow­rak bo­lup, eko­lo­gi­ýa taý­dan dur­nuk­ly bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.

Tai­lan­dyň iň ýaş Prem­ýer-mi­nist­ri

16-njy aw­gust­da Tai­lan­dyň Mil­li as­samb­le­ýa­sy­nyň (par­la­ment) we­kil­ler pa­la­ta­sy ta­ra­pyn­dan «Phya Thai» par­ti­ýa­sy­nyň li­de­ri Phet­hongt­han Çi­na­wa­tyň Prem­ýer-mi­nistr­li­ge da­laş­gär­li­gi tas­syk­lan­dy. Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­si­ne da­laş­gär 319ka­nun çy­ka­ry­jy ta­ra­pyn­dan ma­kul­lan­dy, 145 we­kil gar­şy çyk­dy we 27-si sak­lan­dy. Ses be­riş­lik­den soň Tai­lan­dyň Mil­li as­samb­le­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Wan Mu­ha­mad Nor Mat­ha «Phya Thai» par­ti­ýa­sy­nyň li­de­ri Çi­na­wa­tyň 493 ka­nun çy­ka­ry­jy­nyň 319-sy­nyň gol­da­wy­na eýe bo­lan­dy­gy­ny, onuň we­zi­pä bel­len­me­gi üçin ze­rur bo­lan ses­den has kö­pü­si­ni ga­za­nan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ila­ty art­ýar

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne gir­ýän ýurt­la­ryň ila­ty şu ýy­lyň ba­şyn­da 449,2 mil­li­on ada­ma ýet­di, on­dan bir ýyl ozal bol­sa 447,6 mil­li­on ada­mdy. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň sta­tis­ti­ka gul­lu­gy ha­bar ber­di. Ne­ti­je­de, COVID-19 pan­de­mi­ýa­sy döw­rün­de ha­sa­ba al­nan pe­se ga­çyş­lyk­dan soň­ra, Ýew­ro­pa­da ilat sa­ny iki ýyl bä­ri art­ýar. 2020-nji ýyl­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ila­ty, tak­my­nan, 0,5mil­li­on, 2021-nji ýyl­da bol­sa, 0,3mil­li­on aza­lyp­dyr.

De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň gu­rul­ta­ýy ge­çi­ril­di

19-22-nji aw­gust ara­ly­gyn­da Çi­ka­go­da ABŞ-nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň gu­rul­ta­ýy ge­çi­ril­di. ABŞ-nyň 50 şta­tyn­dan we da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­len we­kil­ler şä­he­riň «Uni­ted Cen­ter» sport mer­ke­zin­de ýyg­nan­dy­lar. Gu­rul­taý­da bir­nä­çe ta­ny­mal we­kil­ler, şol san­da ABŞ-nyň pre­zi­dent­li­gi­ne da­laş­gär, wi­se-pre­zi­dent Ka­ma­la Har­ris hem-de wi­se-pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär, Min­ne­so­ta şta­ty­nyň gu­ber­na­to­ry Tim Wolz dagy çy­kyş et­di­ler. Adat­ça, par­ti­ýa­lar gu­rul­ta­ýyň ge­çi­ril­ýän döw­rün­de döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň we­zi­pe­si­ne öz da­laş­gä­ri­ni hö­dür­le­ýär­ler, ýö­ne bu ge­zek De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň ko­mi­te­ti aw­gust aýy­nyň ba­şyn­da öňün­den on­laýn ses ber­mek ba­ra­da ka­ra­ra ge­lip, onuň ne­ti­je­sin­de Har­ri­siň da­laş­gär­li­gi tas­syk­la­nyp­dy.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

We­zi­pe­sin­den git­mek­çi. Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Fu­mio Ki­si­da möh­le­tin­den öň we­zi­pe­sin­den git­me­gi me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni we Li­be­ral de­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň li­de­ri hök­mün­de ikin­ji möh­le­te da­laş et­me­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Ki­si­da bu ka­ra­ry­ny par­ti­ýa­nyň meş­hur­ly­gy­nyň pe­sel­me­gi se­bäp­li öz­gert­me­le­riň ze­rur­ly­gy bi­len dü­şün­dir­di. Uzak ara­ly­gy aýak­ýa­la­ňaç geç­di. Ni­der­land­ly 37 ýaş­ly An­ton No­ten­bom Ka­li­for­ni­ýa­dan Nýu-Ýor­ka çen­li aýak­ýa­la­ňaç 175 gün­de 3 müň 450 ki­lo­metr ýol ge­çip, re­kor­d goý­dy. Öň­ki re­kord Fran­si­ýa­dan Is­pa­ni­ýa çen­li 3 müň 409 ki­lo­metri aýak­ýa­la­ňaç ge­çen pol­şa­ly Pa­wel Du­ra­kie­wi­çe de­giş­li­di.