Watansöýüji ýaşlar — ýurduň geljegi

23 Awgust 2024
95

Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň sport mekdebinde “Watansöýüji ýaşlar — ýurduň geljegi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, sagdynlyk ruhunda terbiýelemek hem-de asylly ýol-ýörelgeleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşyga ýaş türgenler gatnaşdy.

Duşuşykda etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň başlygy Täçmyrat Şyhberdiýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlygy Rejepnur Ataýew, sport mekdebiniň tälimçileri Parahat Amanow, Hurmagül Annagurbanowa çykyş edip, Garaşsyz Watanymyzda ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde alnyp barylýan işler, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän ajaýyp şertler barada giňişleýin durup geçdiler.

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.