Ýaş nesil sagdyn durmuş bilen

23 Awgust 2024
115

Tejen etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň 1-njy çagalar bagynda “Ýaş nesil sagdyn durmuş bilen” şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, ýaş nesli berk bedenli, watansöýüji, sagdyn ruhly, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek maksady bilen geçirilen duşuşyga terbiýeçi mugallymlar gatnaşdy.

Duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermek boýunça täsirli çykyşlar diňlendi. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän, adam saglygy üçin peýdaly bolan melhemlik ösümlikler barada aýdylanlar has-da täsirli boldy.

Leýli ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.