Gözelliklere baý mekan

23 Awgust 2024
93

Bäherden etrabynyň çägi gözelliklere we täsinliklere baýdyr. “Arçman”, “Ýyly suw” şypahanalary, “Köw ata” ýerasty köli hem uly meşhurlyga eýe bolan ýerlerdir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat işlerinde melheme baý şol ajaýyp ýerler barada täsirli gürrüň açylýar. “Köw ata” ýerasty köli boýunça syýahat hem guralýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda, zähmet rugsady wagtynda etrabymyzdaky meşhur “Arçman” şypahanasyna gelip, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Watanymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklanmagy, şeýle-de agtyjaklary hem-de çowlugy bilen şypahananyň çägi boýunça gezelenç etmegi ählimizde buýsanç duýgusyny döretdi.

Sahabatberdi KÖSÄÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.