HABARLAR

Okuwçy ýaşlarda gyzyklanma döretdi

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň kitaphanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze kitaby bilen tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan çärä ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdy. Mekdep kitaphanalarynyň kitaphanaçylarydyr bilim işgärleri çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilmegi mynasybetli ýaşlary gutladylar hem-de ajaýyp eseriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Täsirli gürrüňler çärä gatnaşanlar uly gyzyklanma döretdi. Bu ýere ýygnananlar “Hakyda göwheri” atly kitabyny sowgat eden Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýaş nesle şatlyk eçiler

Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen baýramçylyk dabaralary giň gerimde badalga aldy. Bu dabaralara Gökdepe etrabynda hem taýýarlykly gelindi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, etrap bilim we medeniýet bölümleri tarapyndan täsirli çäreleriň birnäçesi geçirilýär. Etrabymyzyň merkezindäki Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdança bezeg berýän etrabymyzyň Täze ýyl arçasynda guraljak baýramçylyk çärelerine mekdep okuwçylarydyr çagalar baglarynyň körpeleri gatnaşar. Ol ýerdäki şowhunly çykyşlara Aýazbabadyr Garpamyk hem gatnaşyp, çagalara ruhy lezzet paýlap, şatlyklaryny goşalandyrar.

Muzeýde geçen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly wakalaryna we üstünliklerine bagyşlanan söhbetdeşlik diýseň täsirli boldy. Söhbetdeşlikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan, şeýle-de Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni göteren 2024-nji ýylda Watanymyzda toýlarymyzyň toýlara ulaşandygy, milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, halk hojalygynyň pudaklarynda, medeni ulgamlarda guwandyryjy üstünliklere eýe bolnandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi bilen baglanyşykly guralan çäreleriň taryhy ähmiýeti hakdaky aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmaty: Täze ýyl sowgatlaryny ugratmak üçin oňaýly hyzmat

Täze ýylyň bosagasynda «Türkmenpoçta» ýurduň islendik künjegine baýramçylyk sowgatlaryny ugratmagyň ygtybarly we oňaýly usulyny hödürleýär. Kompaniýanyň çaparçylyk hyzmaty Türkmenistanyň dürli sebitlerine ýollamalary tiz we ýokary hilli eltip bermegi üpjün edýär. Kompaniýanyň çaparlary baýramçylyk döwründe aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan her bir sowgatlyk ýollamasyny alyjynyň gönümel öz eline gowşurmagy kepillendirýärler. Müşderiler sargyt etmegiň birnäçe amatly usullaryndan peýdalanyp bilerler:

Baýramçylygy asudalykda garşylalyň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri watandaşlarymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ony asudalykda geçirmegi arzuw edýärler hem-de raýatlara öz maslahatlary bilen ýüzlenip, şulary ýatladýarlar. Köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerinde mugallymlaryň, synp ýolbaşçylarynyň, terbiýeçileriň nobatçylygy ýola goýlup, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri doly berjaý edilmelidir. Nobatçylyga bellenilýän ähli işgärler bilen howpsuzlyk çäreleri, ýangyn dörän halatynda adamlary guramaçylykly halas ediş işleri barada gözükdirme geçirip, ol degişli howpsuzlyk kitabynda hasaba alynmalydyr. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegine jogapkär işgärler çäre başlanmazdan öň ähli otaglary, ätiýaçlyk çykalgalary barlap, howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişiniň talabalaýykdygyna, ähli otaglaryň ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün edilendigine doly göz ýetirmeli. Ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine jogapkär işgärler arça baýramçylygynyň geçirilýän senesi we wagty barada ýerli ýangyn howpsuzlyk bölümine habar bermeli. Ýokarky örtükleri ýanmaga ukyply binalarda baýramçylyk çäreleri 2-nji gatdan ýokary bolmadyk ýerde geçirilmeli. Arça gurnalan

Arkadag şäheri — hiliň göwher öwüşgini

Baky bagtyýarlygyň toýy

Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly toýy — Halkara Bitaraplyk güni Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi. Welaýatymyzyň merkezi Änew şäherindäki baýramçylyk dabaralary has-da ýatda galyjy boldy. Welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, talyp we okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda welaýat häkimliginiň golaýyndaky Mukaddeslik meýdançasynda geçirilen dabara welaýat derejesindäki esasy çäreleriň biri boldy. Günüň ir säherinde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň başynda Watanymyzyň goragynda sak duran esgerler nyzam bilen Döwlet baýdagymyzy ýörite sütüniň ýanyna alyp geldiler. Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda ýaşyl Tugumyz baýdak sütüni arkaly belende göterildi.

Täze ýyl – agzybirligiň, bagtyýarlygyň baýramy

Täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly umytlara, owadan arzuwlara besleýän maşgala baýramçylygydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamaga batly depginlerde taýýarlyk görülýär. Biri-birinden owadan arçalar, meýdançalardyr seýilgähleri bezeýän dürli öwüşginli çyrajyklar eziz Diýarymyzyň gözelligine has-da gözellik goşýar. 15-nji dekabrda merjen paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Arkadag şäheriniň Baş arçalary şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň belent owazlaryň astynda we çagalaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli öwüşginli çyralaryny ýakyp, töwerege ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy.

Milli mirasymyza belent sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şöhratly taryhymyzy, meşhur şahsyýetlerimizi, milli mirasymyzy we edebiýatymyzyň mälim bolmadyk sahypalaryny ylmy esasda öwrenmekde, halka ýaýmakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 29-njy noýabrynda geçiren mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilendigini habar berdi. Milli Liderimiziň bu gymmatly eserinde merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär.

Asyl käri daýhançylyk

Wekilbazar etrabynyň Mülkbükri geňeşliginiň Gagşal obasynda ýaşaýan Nurmyrat Wellanowyň asly käri daýhançylyk. Şonuň üçin ol bu günki gün kärendesine alan ýerine «galla — gant şugundyry — gowaça» ekin dolanyşygynda oba hojalyk ekinlerini ekip, olardan ýokary hasyl alyp, köplere görelde bolýar. Munuň şeýledigini onuň gowaçadan ýokary hasyl alandan soň, geçen ýylyň güýzünde kärende ýerine bugdaý ekip, şu ýyl ady agzalan etrabyň G. Atabaýew daýhan birleşiginden alan bir gektar kärende ýerinden 40 sentner bugdaý almagy hem subut edýär. Ol bagbançylyk babatda-da hiç kimden pes oturanok. 0,25 gektara barabar mellek ýerinde üzüm, garaly, erik, alma ýaly miweli baglaryň 30-a golaý görnüşini ýetişdirip, bol hasyl alýar. Şonuň üçin miweli bagyň idegi, ony kemala getirmegiň inçe syrlary bilen gyzyklanyp, oňa ýüz tutup, maslahat soraýanlar az däl. Ony ýakyndan tanaýanlaryň köpüsiniň Nurmyrady ökde agaç ussasy hasaplaýandyklaryny hem belläsimiz gelýär. Elbetde, bu ýöne ýerden däl. Ol heniz mekdepde okaýarka-da, zähmet sapaklarynda dürtgüç, susak, oklaw, çemçe ýaly hojalyk senetlerini ýasamakda synpdaşlaryndan tapawutlanýardy. Bir gün bolsa, ol: