Asyl käri daýhançylyk

17 Dekabr 2024
78

Wekilbazar etrabynyň Mülkbükri geňeşliginiň Gagşal obasynda ýaşaýan Nurmyrat Wellanowyň asly käri daýhançylyk. Şonuň üçin ol bu günki gün kärendesine alan ýerine «galla — gant şugundyry — gowaça» ekin dolanyşygynda oba hojalyk ekinlerini ekip, olardan ýokary hasyl alyp, köplere görelde bolýar. Munuň şeýledigini onuň gowaçadan ýokary hasyl alandan soň, geçen ýylyň güýzünde kärende ýerine bugdaý ekip, şu ýyl ady agzalan etrabyň G. Atabaýew daýhan birleşiginden alan bir gektar kärende ýerinden 40 sentner bugdaý almagy hem subut edýär.

Ol bagbançylyk babatda-da hiç kimden pes oturanok. 0,25 gektara barabar mellek ýerinde üzüm, garaly, erik, alma ýaly miweli baglaryň 30-a golaý görnüşini ýetişdirip, bol hasyl alýar. Şonuň üçin miweli bagyň idegi, ony kemala getirmegiň inçe syrlary bilen gyzyklanyp, oňa ýüz tutup, maslahat soraýanlar az däl. Ony ýakyndan tanaýanlaryň köpüsiniň Nurmyrady ökde agaç ussasy hasaplaýandyklaryny hem belläsimiz gelýär. Elbetde, bu ýöne ýerden däl. Ol heniz mekdepde okaýarka-da, zähmet sapaklarynda dürtgüç, susak, oklaw, çemçe ýaly hojalyk senetlerini ýasamakda synpdaşlaryndan tapawutlanýardy. Bir gün bolsa, ol:

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.