Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Täze ýyl arçalarynyň yşyklary dabaraly ýagdaýda ýakyldy. 15-nji dekabrda agşamara şu mynasybetli geçirilen dabara Täze ýylyň baýramçylyk çärelerine badalga berdi.
Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň meýdançasynda welaýatymyzyň baş arçasy ýerleşýär. Beýikligi we bezegi bilen göreni özüne çekýän Täze ýyl arçasynyň töweregi şol gün köp adamly boldy. Başy Gök direýän baýramçylyk arçasynyň ýanyna welaýatymyzyň dürli ýerinden gelen ýaş nesliň wekilleri, çagalar döredijilik toparlary ýygnandylar. Olar baýramçylyk arçasynyň daş-töweregindäki şagalaňa çäksiz höwes we buýsanç duýgusy bilen goşulyp, joşgunly sazlaryň astynda döwre gurap, aýdym aýtdylar, tans oýnadylar, şatlandylar.