Muzeýde geçen söhbetdeşlik

18 Dekabr 2024
106

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly wakalaryna we üstünliklerine bagyşlanan söhbetdeşlik diýseň täsirli boldy.

Söhbetdeşlikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan, şeýle-de Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni göteren 2024-nji ýylda Watanymyzda toýlarymyzyň toýlara ulaşandygy, milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, halk hojalygynyň pudaklarynda, medeni ulgamlarda guwandyryjy üstünliklere eýe bolnandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi bilen baglanyşykly guralan çäreleriň taryhy ähmiýeti hakdaky aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Aýnagözel NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.