HABARLAR

Ýaşlar — ata Watanyň geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bitirilýän beýik işler türkmen jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn ösüşine oňyn täsirini ýetirdi. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty onuň zähmeti bilen kesgitlenýär. Zähmetsöýerlik milletimiziň, jemgyýetimiziň, her bir maşgalanyň agzybirlikde we bolçulykda ýaşamagynyň esasydyr. Şoňa görä-de, Ýaşlar guramasy jemgyýetçilik işinde toplan tejribesine daýanyp, ýaş nesillerimize ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden we zähmet terbiýesini bermekde netijeli işleri alyp barmalydyr» diýmek bilen ýaşlar babatda uly alada edilýändigine ünsi çekdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň egsilmez ykdysady kuwwaty, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky taýsyz aladadan nyşandyr. Ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, ylym öwrenmegini, hünär edinmegini, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mek

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde hamallar üçin şowly bolar. Bu döwürde ýaltalyga ýol bermän, işine çynlakaý çemeleşen hamallaryň işi oňuna bolar. Olaryň arasynda sylaga eýe bolup, wezipä çekilenleri-de bolar. Taýýarlan taslamalary iş ýüzüne geçirilip, önümçilikde ulanylar. Ýaşaýyş-durmuş şertini üýtgetmek isleýän hamallar üçin hepde diýseň amatlydyr.

Derwaýys meseleleriň maslahaty

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda raýat goranyşy we halas ediş işleri boýunça taýýarlygyň ýokary derejede bolmagyny üpjün etmek bilen bagly derwaýys wezipelere uly ähmiýet berilýär. Tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda goranyş we raýat goranyşy boýunça derwaýys meseleleriň oňyn çözgüdini gazanmak bagtyýarlyk zamanamyzda hemişe wajyp wezipe bolup durýar. Şu derwaýys meseleleriň şu günüň ösen talaplaryna laýyklykda çözülmegine gönükdirilen okuw-maslahat geçirilip, olarda gürrüňi edilýän wezipeler işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. Täze, 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ýokary ruhubelentlik bilen başlanan günlerinde ýokarda agzalan mesele bilen bagly maslahat geçirildi. Mary şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen bu maslahata welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň serkerdesi, şu müdirligiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň müdiri, welaýat baş bilim müdirliginiň jogapkär işgärleri, etrap we şäher bilim bölümleriniň wekilleri, welaýatymyzyň çägindäki ýokary, orta, başlangyç hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdyl

27-nji ýanwar Watan goragçylarynyň günüdir!

Serhetden başlanýar bu eziz Watan Öz ussatlygy bilen dünýäni tutan bir tütjar baý täjir bolupdyr. Ol soňabaka dünýäni gezip, nirede gowy zat bolsa alyp, öýüni bezäp başlapdyr. Bir gezek bolsa ol ýurtlaryň birini aýlanyp ýörkä her dürli owadan, şirinden-şirin owaz edýän bilbili satyn alyp öýüne getiripdir. Ol mahmal owazly bilbile gelşiklije gözenekli öý ýasap, iým, suw berip öýüň oňaýly ýerinde goýupdyr. Aradan näçe wagt geçse-de, bilbil hiç hili saýramandyr. Gaýta, bir tüýsli zaryn owaz edipdir. Täjir munuň sebäbini bilmän, bir danany öýüne çagyryp, bilbil bilen gürleşmegini haýyş edýär. Bilbiliň bolşundan onuň öz Watanyny küýseýändigini, oňa şondan eziz zat ýokdugyny aňan dana bu zatlary täjire gürrüň berýär. Täjir bolsa, dana bilen dessine ýola düşüp bilbili alan ýerine äkidýär. Öz Watanynyň howasyndan dem alan bilbil täjire hoşallyk bildirip, şirin owazy bilen bagtyýar saýrapdyr...

Täze syýasy gurluş — täze wezipeler

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary hakynda söhbet «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde, 2-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümine badalga berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary esasynda, 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän bu saýlawlar syýasy ulgamyň işiniň has-da döwrebaplaşdyrylyp, hil taýdan täze, iki palataly parlament gurluşynyň ýola goýulmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň ygtyýarlyklarynyň giňeldilmeginde täze sepgidi alamatlandyrýar. Täze şertlerde ilkinji gezek geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň raýatlaryň syýasy işjeňligini ýokarlandyryp, olaryň syýasy-hukuk medeniýetini has-da kämilleşdirmekde möhüm waka öwrüljekdigini ynamly aýtmak bolar.

Älem gözelligini özünde jemlän

Ynha, paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbine aýratyn bezeg beren, milli binagärligi, döwrebap keşbi bilen göreni haýran edýän täze döredijilik merkeziniň «Jahan» diýlip atlandyrylmagynyň özboluşly manysy bar. «Jahan» diýlende, eýýäm göz öňüňe älem giňişligi gelýär. Onda ýaşaýyş bar, ol adamzat durmuşynyň ähli ajaýyplyklaryny özünde jemleýär. Älem gözelligini özünde jemleýän ol ajaýyplyklar bolsa, ilkinji nobatda, asuda hem parahat ýaşaýyş, sagdyn durmuş üçin zerur. Merjen şäherimiziň iň gözel künjeginde gurlan bu döredijilik merkezine aýlananymyzda, biz onuň mysalynda mähriban Arkadagymyzyň amal edýän işleriniň ählisinde ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmek, sagdyn jemgyýeti döretmek meselesiniň esasy orunda durýandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirýäris. «Jahan» döredijilik merkezi ýaş nesliň döwrebap terbiýesiniň, döredijilik başarnygynyň dünýä derejesinde ösdürilmegi bilen birlikde, olaryň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagynda-da möhüm ähmiýetlidir. Onda döredilen aňrybaş şertler ýurdumyzda döredijiligiň dürli ugurlaryndan zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna, olaryň diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine-de gatnaşyp, baýrakly orunlary almag

Milli kanunçylygymyzyň ösüşiniň şanly sahypalary

(Soňy. Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny kabul etmek üçin ol Mejlisiň garamagyna berildi. Mejlisiň maslahatynda deputatlar «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ählihalk maslahatda milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň maslahatynda deputatlaryň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň makullan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşandyklaryny we biragyzdan kabul edendigini habar berdi. Milli Liderimiz 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň herekete giriziljekdigini aýtdy.

Üns beriň, bäsleşik!

Ýurdumyzda uly dabaralara beslenip bellenýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi, «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Dünýäň manysy bar ene sözünde, ene baky bahar ýeriň ýüzünde» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň maksady

Ýylyň zenany

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň Kaka etrap tapgyry şanly ýylymyzda hem uly ruhubelentlige eýe boldy. Etrabyň Medeniýet öýünde bolan bäsleşigiň nobatdaky tapgyryny Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady. Oňa etrabyň çäginden dürli pudaklarda zähmet çekýän bagtyýar zenanlar gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň hünär başarnygyny, ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşyjylar onuň degişli ugurlary we şertleri esasynda çykyş etdiler. Öňdebaryjy zenanlar jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işlerini özleriniň çykyşlarynyň üsti bilen açyp görkezdiler. Olaryň asylly kärine bolan ukyp-başarnygy şol çykyşlarda aýdyň şöhlelendi.

Ýaşlar ýagşy işleriň ýarany

Golaýda şeýle şygar bilen Babadaýhan etrap Alyjylar jemgyýetinde netijeli zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. TMÝG-niň etrap Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu duşuşygyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan „«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» mazmunyny düşündirmekden, şeýle-de ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklaryny, olaryň bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny hem-de maşgala agzybirligini, jebisligini we berkligini gazanmakdan ybarat boldy. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyşlara giň orun berildi. Onda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller hakda edilýän aladalar dogrusynda giňişleýin bellediler.