Ömrüň manysy – Watanyň parahatçylygynda

20 Ýanwar 2021
1206

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly belent watançylyk duýgularyna ýugrulan Şadiwanyndan alnan sözbaşydan aňlanylyşy ýaly, Watan parahatçylygyny, ýurt asudalygyny, il abadançylygyny, durmuş bagtyýarlygyny döredip, onuň goragynyň ygtybarlylygyny gazanyp bilmek, ynsan ömrüniň manysyny ölçeýän işlerdir, mukaddes wezipelerdir. Bu barada milli Liderimiz ýokarda agzalan kitabynda: «Her bir adamyň ýürekden eden ýagşy işini nesiller taryha ýazýarlar. Şeýdip, Watany söýmegiň mekdebiniň dowamlydygy aýan edilýär» diýip, bize ýagty geljege barýan nurana ýol görkezýär we «Watanyň ykbalyny öz ykbaly bilen bitewülikde duýýan, Watany üçin her pursatda öz hany-manyny bermäge taýýar, hakyky ynsanlar kemala gelýärler. Eziz Watanymyzyň geljegi bolsa, watansöýüjilik nusgasy bilen terbiýelenen ýaşlara baglydyr» diýen ajaýyp jümleler bilen, şol nurana ýoldan buýsançly gadam urmaga ruhlandyrýar.

Eziz Watana, mukaddes topraga, il-halka bolan söýgi, yhlas her bir ynsanyň aňyna ene hüwdüsi, ata öwüdi, pederleriň pähim-paýhasa ýugrulan pentleri bilen geçýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa şeýle watançylyk duýgular ýaş nesliň kalbyna Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarydyr nusgalyk göreldesi bilen ornaşýar. Şeýle çuňňur watansöýüjilige ýugrulan kitaplar ýurdumyzyň parahatçylygyny, mähriban halkymyzyň abadançylygyny gözleriniň göreji kimin goraýan, Watana wepalylyk, kasama ygrarlylyk, päk ýürek bilen mukaddes borçlaryny ýerine ýetirýän harby gullukçylaryň kalplaryny buýsançly duýgulara besleýär. Çünki ata Watany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Bu mukaddes borç, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň harby gullukçylarynyň gönüden-göni jogapkärli wezipesidir.

Myrat ANNAMYRADOW,
maýor.
Beýleki habarlar