Täze syýasy gurluş — täze wezipeler

22 Ýanwar 2021
1398

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary hakynda söhbet

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde, 2-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümine badalga berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary esasynda, 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän bu saýlawlar syýasy ulgamyň işiniň has-da döwrebaplaşdyrylyp, hil taýdan täze, iki palataly parlament gurluşynyň ýola goýulmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň ygtyýarlyklarynyň giňeldilmeginde täze sepgidi alamatlandyrýar. Täze şertlerde ilkinji gezek geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň raýatlaryň syýasy işjeňligini ýokarlandyryp, olaryň syýasy-hukuk medeniýetini has-da kämilleşdirmekde möhüm waka öwrüljekdigini ynamly aýtmak bolar.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar