Milli kanunçylygymyzyň ösüşiniň şanly sahypalary

22 Ýanwar 2021
1287

(Soňy. Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda).

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny kabul etmek üçin ol Mejlisiň garamagyna berildi. Mejlisiň maslahatynda deputatlar «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ählihalk maslahatda milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň maslahatynda deputatlaryň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň makullan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşandyklaryny we biragyzdan kabul edendigini habar berdi. Milli Liderimiz 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň herekete giriziljekdigini aýtdy.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, ýuridiki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar