HABARLAR

Jümjüme (rus tymsaly)

Bahar jümle-jahany gül-gülälek bilen bezäp çykanda, tokaýyň gyrasyndaky açyklykda jümjüme-de peýda boldy. Ol töwerek-daşy işdämenlik bilen synlap oturyşyna öz ýanyndan: «Bu dünýä nähili owadan» diýip pikir etdi. Şol wagtam onuň gözi argyn halda zordan ýöräp gelýän aýa düşdi. — Halyň gaty teň görünýär-le? — diýip, jümjüme oňa habar gatdy.

Arkadagyň sahawat nury

Gahryman Arkadagymyzyň her bir başlangyjynda sahawat nury, ýagşylyk şöhlesi şugla saçýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 29-njy martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky başlangyçlara badalga berilmegi milli Liderimiziň alyp barýan köptaraply işiniň ýene-de bir nusgalyk mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda» Karara gol çekmegi, öz gazanjyndan ilkinji bolup täze döredilen haýyr-sahawat gaznasyna serişde goýmagy sahawatly däp-dessurlarymyzyň dowamat-dowam bolmagynyň hatyrasyna alnyp barylýan göreldelik ýörelgedir. Onuň esasynda ynsan ykballary, ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesliň bagtyýar durmuşy baradaky alada durýar. Şeýle-de milli Liderimiziň sahawatly başlangyçlarynyň nurana mazmuny öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz: «Biziň haýyr işleri amala aşyrýandygymyzyň häzirki zamanyň ösüşe we parahatçylyga gönükdirilen şygary bilen umumy kökleri bardyr. Şunuň özi ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň tutuş adamzat üçin ählumumy häsiýetiniň bardygyny aýan edýär» diýip, bellemek bilen, olaryň ýagşy i

Hoşallyk maslahaty

Sarahs etrap Medeniýet öýünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Etrap häkimligi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler hem-de köp sanly ýaşlar gatnaşdy. Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy A.Rejepgulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlygy B.Goşaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy W.Ýazgylyjow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy B.Ballyýew dagynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar çykyşlarynda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, erjellik, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň ähmiýetini

Ýüreklerde Arkadaga alkyş bar

Öňňin döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy hem-de Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy mynasybetli Änew şäherindäki Medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Mejlisi, welaýat häkimligi hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Mejlisiň deputatlarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dili senaly ýaşulularyň hem-de mährem eneleriň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Ak bugdaý etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň müdiri, Mejlisiň deputaty Möwlam Öräýewiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň çykyşlarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýakynda bolan ilkinji saýlawlary Türkmenistan döwletimiziň demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalanýandygynyň, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar bolýandygynyň dabaralanmasyna öwrülendigi barada aýdyldy. Olar çykyşlarynda üstünlikli geçen şol taryhy saýlawlarda Gahryman Arkadagymyzyň saýlawçylaryň 100 göterim sesini almagy ildeşlerimiziň mil

Maslahata gatnaşyjylara söz berýäris

Resul IŞANGULYÝEW, TürkmenistanyňDemokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy:

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

Berkarar Watanymyzda amala aşyrýan özgertmelerimiz netijesinde uly ösüşler gazanylýar. Şol ösüşler bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da belende galdyrýar. Netijede, ata-babalarymyzyň berk binýatly döwlet gurmak hakyndaky arzuwlarynyň durmuşa geçirilýändigi dünýä ýüzüne aýan bolýar. Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň yrylmaz döwletliligi, rysgalynyň bollugy, niýetiniň-päliniň bolsa, diňe ýagşylyga ýugrulandygy üçin ynsan kalplary şatlyga we buýsanja beslenýär. Ata-babalarymyz şu gymmatlyklary, ýagny, döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pes pälliligi, ynsanperwerligi ömrüniň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerip, biz ýaşlarymyzda adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw etmek ýaly häsiýetleri terbiýeleýäris. Biziň haýyr işleri amala aşyrýandygymyzyň häzirki zamanyň ösüşe we parahatçylyga gönükdirilen şygary bilen umumy kökleri bardyr. Şunuň özi ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň tutuş adamzat üçin ählumumy häsiýetleriniň bardygyny aýan edýär. Sebäbi, olar adamlary ýagşy işleriň başyny tutmaga, iň gowy adamkärçilik däplerine eýermäge çagyrýar. Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek hem pederl

Ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlygy

Işden soň ýa-da dynç alyş günümde gazet toplumyny sahypama-sahypa agdaryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işleriniň, milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça gazanylýan üstünlikleriň sene ýazgysy bolan resmi materiallara gaýtadan ser salmak endigim bar. Bu meniň üçin boş wagtymy peýdaly hem netijeli geçirmegiň, žurnalist hökmünde ilkinji nobatda zerur bolan maglumat gorumy artdyrmagyň bir usuly.  Bu usulyň berýän ruhy lezzeti-de üýtgeşik. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän, il-ýurt bähbidine gönükdirilen işleri ildeşlerimizde bolşy ýaly, köňlümde kanagatlanma, hoşallyk duýgusyny döredýär. Milli Liderimiziň oňyn özgertmeleri, parasatly baştutanlygy bilen eziz Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklere tarap öňe gidýändigi bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana söýgimizi artdyrýar.

Halyçylaryň hünär bäsleşigi

Şu günler Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň ýurdumyzyň halyçy zenanlarynyň arasynda bilelikde yglan eden baýramçylyk bäsleşiginiň şäherdir etrap tapgyrlary dowam edýär. «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşigiň nobatdaky tapgyrlary welaýatymyzda guramaçylykly we gyzykly ýagdaýda geçýär. GÖKDEPE. Etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde geçirilen «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşigiň etrap tapgyryna halyçy zenanlaryň birnäçesi gatnaşyp, hünär babatdaky başarnygyny görkezdiler. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen geçirilen bäsleşige gatnaşyjy zenanlaryň onuň «Türkmeniň kalby — türkmen halysy», «Gadymy we müdimi sungat», «Kesbi-kärim nesillere görelde» diýlip, atlandyrylan şertleri boýunça ýerine ýetiren çykyşlary uly täsirleri döretdi.

Baýram han türkmen — watançylygyň we merdanalygyň mekdebi

Öňňin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara forum geçirildi. Bu möhüm çäräni guraýjylar bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy çykyş edýärler. Halkara forum onlaýn görnüşde guralyp, oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan meşhur alymlar, gündogarşynaslar, jemgyýetçilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ylmy merkezleriň alymlary, hünärmenleri gatnaşdylar. Wekilçilikli forum işini bölümleriň dördüsi boýunça gurady. Olarda çykyşlara giň orun berildi. Alymlaryň we hünärmenleriň belleýişleri ýaly, Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we döredijiligi Watana hyzmat etmegiň mertlik mekdebidir. Türkmen halkynyň taryhynda parahatçylykly ýoluň ösdürilendigini, ynsanperwerligiň ýörelgesini görmek bolýar. Baýram han Türkmeniň hem ömri we döredijiligi muny aýdyň beýan edýär.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

AŞGABAT, 31-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.