Baýram han türkmen — watançylygyň we merdanalygyň mekdebi

1 Aprel 2021
926

Öňňin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara forum geçirildi. Bu möhüm çäräni guraýjylar bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy çykyş edýärler. Halkara forum onlaýn görnüşde guralyp, oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan meşhur alymlar, gündogarşynaslar, jemgyýetçilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ylmy merkezleriň alymlary, hünärmenleri gatnaşdylar.

Wekilçilikli forum işini bölümleriň dördüsi boýunça gurady. Olarda çykyşlara giň orun berildi. Alymlaryň we hünärmenleriň belleýişleri ýaly, Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we döredijiligi Watana hyzmat etmegiň mertlik mekdebidir. Türkmen halkynyň taryhynda parahatçylykly ýoluň ösdürilendigini, ynsanperwerligiň ýörelgesini görmek bolýar. Baýram han Türkmeniň hem ömri we döredijiligi muny aýdyň beýan edýär.

Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».