Ýüreklerde Arkadaga alkyş bar

1 Aprel 2021
727

Öňňin döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy hem-de Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy mynasybetli Änew şäherindäki Medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Mejlisi, welaýat häkimligi hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady.

Mejlisiň deputatlarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dili senaly ýaşulularyň hem-de mährem eneleriň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Ak bugdaý etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň müdiri, Mejlisiň deputaty Möwlam Öräýewiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň çykyşlarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýakynda bolan ilkinji saýlawlary Türkmenistan döwletimiziň demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalanýandygynyň, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar bolýandygynyň dabaralanmasyna öwrülendigi barada aýdyldy. Olar çykyşlarynda üstünlikli geçen şol taryhy saýlawlarda Gahryman Arkadagymyzyň saýlawçylaryň 100 göterim sesini almagy ildeşlerimiziň milli Liderimize bolan belent ynamyny nobatdaky gezek ýüze çykarandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Ýörite habarçymyz.
SURATLARDA: maslahatdan pursatlar.