Watansöýüjiligiň kämil nusgasy

31 Mart 2021
788

Durmuşda bahasyny ölçäp bolýan hem-de bolmaýan gymmatlyklar bar. ªol bahasyny ölçäp bolmaýan gymmatlyklaryň biri-de Watandyr. Watana bolan söýgi her bir ynsanyň kalbyna ene süýdi bilen siňýär. Ynsan üçin öz ata Watany, ene topragy, onuň dagy-düzi, çölleri, derýalary... ýürege ýakyn hem mähremdir.

«Paýhas çeşmesi» kitabyndaky: «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan — ölinçä», «Towşana dogduk depe» ýaly nakyllar halkymyzyň Watana goýýan hormatynyň, ýurduna bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň aýdyň nusgasydyr. Guşa öz höwürtgesinden, boz jerene ýaýlasyndan, algyr bürgüde gaýasyndan eziz zadyň bolmaýşy ýaly, biziň üçin hem Watanymyzdan eziz zat ýokdur. Watan adamyň genji-hazynasy, göbek ganynyň daman ýeridir.

Aýläle NURMÄMMEDOWA,
Serdar şäheriniň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.