HABARLAR

Zähmeti goramak — möhüm wezipe

Bäherden etrabynyň çägindäki edara-kärhanalarda «Zähmeti goramak — sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewi» ady bilen usuly maslahatlar geçirilýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda işi döwrebap alyp barmak we özara tejribe alyşmak maksady bilen etrabyň çägindäki pagta arassalaýjy kärhanada, «Bäherden» sement zawodynda geçirilen usuly maslahatlar has-da täsirli boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan guralan usuly maslahatlarda zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişi, her bir iş ornunda zähmeti goramagyň degişli talaplara laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi, önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça gürrüň edildi. Usuly maslahatlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň wekilleri bilen özara sowal-jogaplar alşyldy, olara degerli maslahatlar berildi.

Ygtybarly gatnaşyklaryň hukuk esaslary

Döwlet dolandyrylyşynyň netijeli alnyp barylmagy ýurduň ykdysady kuwwatynyň, jemgyýetiň asudalygynyň we syýasy durnuklylygynyň, raýatlaryň hukuklarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda berkidilmegini gazanmakda esasy şertleriň biridir. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi-de ähli ugurlarda netijeli usullary hem serişdeleri ornaşdyrmaga, uzak möhletli ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga mümkinçilik berýär. Ol jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we onuň kämil görnüşlerini ýola goýmaga, durmuş şertlerini gowulandyrmaga hemaýat edýär. Tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň azalmagyna, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda belläp geçişi ýaly, kanun kadalaşdyryjy hukuk namasy bolup, ol raýatlaryň, kärhanalaryňdyr edaralaryň hukuklaryny we borçlaryny, jemgyýetiň hem-de döwletiň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Hukuk kadalary jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde iň netijeli we ählumumy serişde hökmünde ykrar edilýär.

Ýaş alymlaryň ylmy gadamlary

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda «Ykdysadyýetiň pudaklary üçin ylmy işgärleri we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Ýaş alymlar geňeşleriniň orny» atly wideomaslahatlara badalga berildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň Ýaş alymlar geňeşleriniň agzalary işjeň gatnaşýarlar. Meýilnama laýyklykda, wideomaslahatlar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň noýabr aýyna çenli dowam eder. 3-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen wideomaslahat «Türkmenistanda ylmy ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ýaş alymlaryň orny» diýlip atlandyryldy. Onda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligini sanly tehnologiýalar arkaly öwrenmegiň meseleleri», «Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde döwrebap ýokary bilimli himik hünärmenleri taýýarlamagyň orny», «Türkmenistan — ÝUNESKO: türkmen halkynyň taryhyny öwrenmegiň, milli gymmatlyklaryny hasaba almagyň özara hyzmatdaşlygy» atly temalar boýunça çykyşlar diňlenildi.

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

♦ Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebinde okuwçylaryň paýtagtymyzy wasp edýän döredijilik eserleriniň sergisi guraldy. TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň Aşgabat şäher häkimligi we TDP-niň Büzmeýin etrap komiteti bilen bilelikde guran çäresiniň dowamynda surat eserleri bilen tapawutlanan okuwçylar sergini guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar we şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler. Miwesoltan JUMAÝEWA,TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Ýurdumyzyň baş ýörelgesi

Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň ykdysady we medeni-durmuş ulgamynda uly ösüşler gazanylmak bilen birlikde, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini kepillendirmeklige gönükdirilen milli kanunçylyk ulgamy hem barha kämilleşdirilýär. Çünki biziň döwletimiziň milli kanunçylygynyň baş maksady halkyň abadançylygyny üpjün etmekdir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden taryhy çykyşynyň mysalynda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek boldy. Hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmunly çykyşynda döwletimiziň birnäçe ugurlary bilen bagly kanunlaryny has-da kämilleşdirmek we olara halkara hukugynyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen kadalaryny yzygiderli ornaşdyrmak, milli kanunçylyk binýadymyzyň mundan beýläk-de has-da ynsanperwerleşmegine giň ýol açmak barada aýdan bellikleri, görkezmeleri, döwrebap täze kanunlary kabul etmek, käbir kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini öňküden-de gowulandyrmak bilen bagly aýdanlary «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatymyzyň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamalary boldy.

Nesil terbiýesinde gymmatly gollanma

Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli gymmatlyklarymyzy ýaş nesillere ýetirmekde ähmiýeti uludyr. Eserde ata-babalarymyzyň baý taryhy mirasy hakynda giňişleýin düşünje berilýär hem-de ol milli däp-dessurlarymyzy ýaş nesillere öwretmekde  gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Kitapda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ýurduňa bolan hormat, halkyňa wepalylyk, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Okuw sapaklarynda, şeýle hem synp sagatlarynda kitapdaky öňe sürülýän pikirleri okuwçylara ýetirýäris, rowaýatlary, tymsallary gürrüň berip, olar boýunça sorag-jogap alyşýarys.

Hemmämiz üçin möhüm mesele

Ýurdumyzda ilatyň howpsuzlygyny goramak döwlet derejesindäki möhüm mesele hökmünde ileri tutulýar. Halkymyzyň asuda ýaşaýşyny üpjün etmekde ýurdumyzyň içeri işler edarasynyň beýleki gulluklary bilen bir hatarda, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň öňünde-de uly wezipeler, şonuň bilen birlikde, biziň hemmämiziň deň derejede üns bermeli meselämiz — çagalaryň ot bilen oýnamaklary zerarly döreýän ýangyn hadysalarynyň öňüni almak meselesi durýar. Hawa, ýangynyň döremeginiň köp sanly sebäpleriniň biri çagalaryň ot bilen oýnamaklarydyr. Ot bilen oýnamagyň howpludygyna, onuň nähili betbagtçylyga getirýändigine çagalar heniz doly düşünmeýärler. Şonuň üçin çagalarda ot bilen seresaply bolmak başarnyklaryny terbiýelemelidir. Bu işe ata-eneler, uly ýaşly adamlar gatnaşmalydyrlar. Bu iş möhüm durmuş zerurlygydyr. Çünki bu ýerde gürrüň çagalaryň saglygy we ömrüniň howpsuzlygy barada barýar.

Il alkyşyny alan lukmandy

Etrek şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda merdemsi başyny belent tutup oturan bir adamyň heýkeli bar. Ol hemmeler üçin mähriban, meniň üçin bolsa aýratyn bir eziz adam. Sebäbi onuň bilen ýetginjeklik ýyllarymyzdan bäri ýygy aragatnaşykda boldum. Ýolda ýoldaş bolup, köp gezek bir saçakdan duz-nan iýdik. Has takygyny aýtsam, Etregiň arassa howasyndan dem alyp, ene topragymyzyň üstünde kän bile gezdik. Golaýda heýkeli oturdylan şol adamyň — eli ýeňil lukman bolup, uly iliň alkyşyny alan Gulluk Garryjaýewiň ýaşan öýüniň gapdalyndan geçip barýarkam, kalbymy bir pikir gaplap aldy. «Onuň adamlara eden hyzmatyny häzirki nesillere ýetirsem, sogap iş etdigim bolar, merhumyňam ruhy şat bolup, tirsegine galar» diýen niýet bilen çaklaňrak bir makala ýazmaklygy ýüregime düwdüm. Öýe dolanyp gelenimde, radiokomitetde habarçy bolup işlän döwrümdäki ýandepderçämi agtaryp başladym. Eli ýeňil lukman baradaky maglumatlaryň üstünden bardym. Ony birlaý gözden geçirenimden soňra, köp oýlanyp oturdym. Sebäbi lukmanyň zähmet we durmuş ýoluny köpçülige many-mazmuny bilen ýetirmekligiň ýeňil düşmejegini bilýärdim. Her niçik bolsa-da, onuň bilen bolan ownukly-irili wakalary akyl eleginden geçirdim. Onsoň onuň adamkärçilikli häsiýetine mahsus bolan bir waka ýadyma düşdi.

Geçmişiň ertä dowamy

Bedew atlarymyza aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda: “Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy bilen aýakdaş bolan ahalteke bedewi ençeme asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwatyny, ýyndamlygyny, gözelligini we akyllylygyny ýitirmän gelýär” diýip belläp geçýär. Halkymyz bedew aty buýsanjy, guwanjy hem şöhraty hasaplaýar. Halk döredijiliginde ýa-da söz ussatlarynyň eserlerinde bedew atyň tarypy belentden ýetirilýär. «Görogly» şadessanyny alanymyzda, atyň keşbi eseriň bütin dowamynda mährem ýoldaş, syrdaş hem dost hökmünde ör-boýuna galýar. Diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä jahankeşdeleri, alymlarydyr taryhçylary türkmen bedewiniň häsiýetli aýratynlyklary, owadanlygy barada öz ýazgylaryny bize miras galdyrypdyrlar. Gerodot Nusaýdaky atlaryň tylla reňkini wasp eden bolsa, Aleksandr Makedonlynyň ýanyndaky serkerdeler bu ýerde ýetişdirilýän atlary «Daň şapagyna» meňzedipdirler. Sebäbi türkmen bedewleri ýüpek ýallary, gelşikli beden gurluşy, çydamlylygy we güýç-kuwwaty bilen haýran galdyrypdyr. Yhlasly seýislerimiz halk seçgiçiligi esasynda bu saýlama tohumy nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize çenli ýetiripdirler. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezi

Arassaçylygyň ak şäheri

Şu günler bahar paslynyň köňülleri jadylaýjy älemgoşar öwüşginlerine beslenýän ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan köpçülikleýin arassaçylyk, abadanlaşdyryş, bag we gül ekmek işleri netijesinde edara-binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň töwerek-daşy tämizlenip, barha läle-reýhan görnüşe eýe bolýar. Ekologiýany şähergurluşyk strategiýasynyň möhüm ugruna öwren milli Liderimiz paýtagtymyza ýygy-ýygydan guraýan iş saparlarynda arassaçylyk, ekologiýa ýagdaýy bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. «Zähmet terbiýesi şahsyýetiň sazlaşykly ösmeginiň möhüm şertleridir» diýýän hormatly Prezidentimiziň dana sözlerinden ruhlanýan paýtagtymyzdaky orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, okuw binalarynyň töwereklerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri giň gerime eýe bolýar.