Nesil terbiýesinde gymmatly gollanma

5 Aprel 2021
748

Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli gymmatlyklarymyzy ýaş nesillere ýetirmekde ähmiýeti uludyr. Eserde ata-babalarymyzyň baý taryhy mirasy hakynda giňişleýin düşünje berilýär hem-de ol milli däp-dessurlarymyzy ýaş nesillere öwretmekde  gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär.

Kitapda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ýurduňa bolan hormat, halkyňa wepalylyk, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Okuw sapaklarynda, şeýle hem synp sagatlarynda kitapdaky öňe sürülýän pikirleri okuwçylara ýetirýäris, rowaýatlary, tymsallary gürrüň berip, olar boýunça sorag-jogap alyşýarys.

Güljemal baýramberdiýewa,
Türkmenbaşy etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar