Ygtybarly gatnaşyklaryň hukuk esaslary

6 Aprel 2021
871

Döwlet dolandyrylyşynyň netijeli alnyp barylmagy ýurduň ykdysady kuwwatynyň, jemgyýetiň asudalygynyň we syýasy durnuklylygynyň, raýatlaryň hukuklarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda berkidilmegini gazanmakda esasy şertleriň biridir. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi-de ähli ugurlarda netijeli usullary hem serişdeleri ornaşdyrmaga, uzak möhletli ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga mümkinçilik berýär. Ol jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we onuň kämil görnüşlerini ýola goýmaga, durmuş şertlerini gowulandyrmaga hemaýat edýär. Tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň azalmagyna, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda belläp geçişi ýaly, kanun kadalaşdyryjy hukuk namasy bolup, ol raýatlaryň, kärhanalaryňdyr edaralaryň hukuklaryny we borçlaryny, jemgyýetiň hem-de döwletiň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Hukuk kadalary jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde iň netijeli we ählumumy serişde hökmünde ykrar edilýär.

Aganepes OMAROW,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap kazyýetiniň kazysy.