Gün şuglaly Aşgabat

5 Aprel 2021
844

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ýüregi ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat Türkmenistanyň at gazanan arhitektory döwrüň beýik binagäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde dünýäniň iň owadan, bagtyýar ýaşaýyş üçin ähli amatlyklaryň jemlenen ajaýyp şäherleriniň birine öwrüldi. Bu günki günde merjen şäherimiz myhman bolan her bir adamyň ýüreginde ýakymly duýgulary döredýär.

Aşgabat — parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, söýginiň we bagtyň şäheri. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabadyň dünýäde ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi halkymyzda çuňňur begenç we buýsanç duýgularyny döretdi. Şol seneden bäri, ýagny her ýylyň 25-nji maýynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat şäheriniň güni dabaraly bellenilip geçilýär.

Gülsere ATAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar