HABARLAR

Beýik ynamyň eýeleri (Döwür we ýaşlar)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara örän uly ynam bildirilýär. Şol belent ynam bu günki gün durmuşymyzyň ähli ugurlarynda aýdyň duýulýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaşlar babatda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli işler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli, ynsanperwer we parasatly syýasatyň aýdyň beýanydyr. Türkmen ýaşlary jemgyýetiň ähli gurşawyndaky özgerişleri, täzelikleri durmuşa geçirmäge we ösdürmäge ukyplydyrlar. Ýaşlar döwletiň işjeň we örän wajyp güýjüdir, olaryň islegleri, gymmatlyklary, garaýyşlary geljegiň binýadydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlarymyz ylymlaryny we bilimlerini ilimiziň baky bagtyýarlygyna, Watanymyzyň beýik geljegine, dünýädäki abraý-mertebämiziň has-da belende galmagyna bagyş etmelidirler» diýen sözlerinden ugur alyp, ajaýyp döwrümiziň bagtyýar ýaşlary beýik geljegimiz üçin bilim alýarlar, döredýärler, eziz Watanymyzyň at-abraýyny has-da şöhratlandyrýarlar.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) KIÇIJEKKÄ GÖREN HEM EŞIDEN ZADY SOŇRA ÇAGANYŇ ÖSÜŞINE ÝARDAM BERÝÄR

Ykdysady üstünliklerimiziň sergisi

19-njy sentýabrda paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky meýdançada Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Guwandyryjy üstünliklerden täze sepgitlere

19-njy sentýabrda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasynyň arka tarapynda gurnalan sergi meýdançasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýän gözden geçirilişe halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli düzümleriň, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynyň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň wekilleri, şeýle hem hususy telekeçiler gatnaşýar. Sergi meýdançasynda halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň goşýan goşandy we geljegi uly mümkinçilikleri görkezilýär. Türkmenistanyň döwlet we hususy kärhanalarynyň täze önümleriniň, taslamalarynyň mahabat-tanyşdyryş çäreleriniň, halk senetçilik sungatynyň görnüşleri boýunça ussatlyk sapaklarynyň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi şu gün öz işini tamamlaýan serginiň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bizem sergä gatnaşyjylar bilen söhbetdeş bolanymyzda ünsümizi çeken gyzykly maglumatlary okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.

Kanunçylygyň talaplary düşündirildi

Baş Kanunymyzda adamyň döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýandygy baradaky kada beýan edilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bagtyýar raýatlarymyzyň abadan durmuşyny üpjün edýär. Bu sazlaşyk döwletiň we jemgyýetiň rowaçlygyny berkidýär. Şeýle derejeli döwletde ýaşaýan adamlar öz orunlarynda halal hem ýadawsyz zähmetleri bilen ösüşlere mynasyp goşant goşmaga borçludyrlar. Şunda, ilkinji nobatda, arassa ýaşamak, halal işlemek, jenaýatçylykly işlerden daşda durmak esasy şertleriň biridir. Bu babatda biz — kazyýet işgärleri wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirenimizde hem tekrarlap gürrüň edýäris, degişli kanunçylyklaryň talaplaryny giňişleýin düşündirýäris. Golaýda şu maksat bilen Daşoguz şäher Ýaşaýyş jaý ulanyş trestinde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa trestiň işgärleri guramaçylykly gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň talaplary düşündirildi. Kodekse döwrüň talaplaryna laýyklykda, degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi, jenaýat hadysalarynyň öňüni almak barada kadalaryň beýan edilýändigi, olardan gelip

Rahat durmuşyň goragynda

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Alp Arslan adyndaky harby mekdebiniň sürüjileriniň hem-de harby okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň kadalary bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäresi guraldy. Onda harby lukman maýor A.Gubyrowyň, harby awtomobil gözegçiliginiň ýol hereketine gözegçiler wzwodynyň gözegçisi A.Jumaniýazowyň, Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, maýor A.Saparmedowyň, hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdebiň mugallymy D.Öwelekowň, Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginden kapitan M.Gurbanalyýewiň gatnaşmagynda ýol hereketiniň düzgünleri, ýol-ulag hadysalary, olaryň getirýän agyr netijeleri hakyndaky gürrüňler geçirilýän çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

Hereketiň howpsuzlygy ugrunda

Berkarar döwletimizde her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi raýatlarymyzyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagyny gazanmak ugrundaky beýik işleriň bir nusgasydyr. Çünki ýollaryň asudalygyny üpjün etmek, hereket howpsuzlygyny gazanmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda öňümizde duran wezipe-borçlary üstünlikli amal etmek maksady bilen, biz sürüjiler bilen düşündiriş işlerini yzygiderli geçirýäris. Şeýle ähmiýetli çärelerde ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmekligiň, ulaglary bellenilen tizlikde sürmekligiň ähmiýetine aýratyn üns çekilýär. Sürüjilere çatryklarda, pyýada geçelgelerde we aýlawlarda berjaý etmeli borçlaryny aýratyn ýatladýarys.

Okuwçy gyzlaryň el işleriniň sergisi

Gökdepe etrabyndaky Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebinde okuwçy gyzlaryň el işleriniň sergisi guraldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli guralan sergi özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Onda okuwçy gyzlaryň gadymy nusgalary döwrebaplaşdyryp, döreden dürli görnüşli bezegli ýakalary, kürteleri, çabytlary, tahýalary sergä tomaşa edenlerde aýratyn täsir galdyrdy. Sergidäki gözel görnüşler, gyzlaryň el işleriniň haýran galdyrýan nagyşlary mekdebiň mugallymlarynyň terbiýeçilik babatdaky alyp barýan işleriniň miwesidigini aýdyň görkezdi.

Halkara ylmy maslahat geçirildi

19-20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň guramagynda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» diýen at bilen halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň jogapkär wekilleri, topluma degişli edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenler, daşary ýurtly hünärmenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdy. Maslahatyň birinji gününde oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan oba hojalyk önümleriniň sergisini synladylar. Soňra «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Ilki bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk toplumynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä we «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Döwletli işler dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli şu gün welaýat polisiýa müdirliginiň Halaç, Hojambaz etraplarynyň polisiýa bölümlerinde, şeýle-de Saýat etrabynyň Garabekewül şäheriniň polisiýa bölümçesinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalarynyň gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.