HABARLAR

Konteýnerlere bolan isleg artýar

Ýaponiýanyň «Mitsubishi HC Capital» maliýe holdingine degişli bolan amerikan lizing kompaniýasy «CAI International» Gyzyl deňziniň sebitindäki ýagdaý bilen baglanyşykly ýüze çykan konteýner enjamlaryna bolan islegiň artmagy sebäpli, 700 müň konteýneriň, şol sanda 70 müň ref konteýnerleriniň öndürilmegi üçin 1,35 milliard dollar maýa goýýar. «The Loadstar» neşiriniň habar berşi ýaly, täze konteýnerler kompaniýanyň hereket edýän umumy parkynyň 20% göterimini düzer. «CAI International» kompaniýasy konteýnerleriň nirede guruljakdygy baradaky maglumaty aýan etmeýär. Şu ýylyň maý aýynda «Mitsubishi HC» holdingi konteýnerleri kärendesine bermek işine maýa goýumlaryny artdyrjakdygyny yglan etdi. Şonda holding konteýner enjamlaryna bolan islegiň, «dar ýerler» sebäpli, şol sanda Panama kanalyndan üstaşyr ýük geçirişiň çäkli bolandygy bilen baglanyşykly ýüze çykandygyny belläpdi.

Täze mümkinçilikleriň meýdany

Ähli ugurlarda, şol sanda nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilýän işler, dünýä ýurtlary, iri-iri kompaniýalary bilen ýola goýlan we goýulýan hyzmatdaşlyklar ýurdumyzyň ösüşleriniň yzygiderliligini kepillendirýär. Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we ösdürmekde täze mümkinçilikleriň meýdany bolan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylaryň giň düzümi hem Diýarymyzyň maýa goýum babatdaky özüne çekijiliginden habar berýär. Nebitgaz senagatyny ösdürmek Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän öňdengörüjilikli syýasat netijesinde bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitiň iri energetika döwletleriniň birine öwrüldi. Köpugurly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegi türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmakda täze mümkinçilikleriň ýoluny açdy. Häzirki wagtda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şu ýylyň sentýabrynda Mary welaýatynda iri taslamalara — TOPH transmilli gaz geçirijisiniň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisini

Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň uglewodorod çig mallaryna baý ýataklaryndan alynýan «gara altyndyr» «mawy ýangyjyň» möçberlerini durnukly artdyrmak nebitgaz pudagynyň işgärleriniň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. «Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek we durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň durnukly ösdürilmegi maksatnamalaýyn esasda alnyp barylmak bilen, onuň hukuk esaslarynyň düýpli özgerdilip, döwrebaplaşdyrylmagy yzygiderli häsiýete eýe bolýar. 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistan «Nebit bilen hapalanmakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi baradaky» halkara konwensiýasyna goşuldy. 2012-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa degişli Nebit bilen hapalanma getirýän hadysalar ýagdaýynda sebitleýin taýýarlyk, jogap hereketleri we hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnamasyny» tassyklady. «Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi hakynd

Nebitgazym — genji-känim

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly ХХIХ halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Halkara forum uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika senagatynyň gazananlaryny açyp görkezmek bilen, bu ugurda halkara gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlyklary, milli nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini, «ýaşyl» energetikany ösdürmekde, iri taslamalaryň durmuşa geçirilişini döwrebap çözgütler esasynda has-da işjeňleşdirmekde, tejribe alyşmakda, ylmy garaýyşlary we teklipleri öňe sürmekde, seljermekde ähmiýeti uludyr.

Nebitgaz ulgamynyň üstünlikleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Her ýyl geçirilýän bu forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýär. Düýn Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň «Biz ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýäris. Eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýen sözleri sergä gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi.

Nebitgaz pudagynyň ösüşleriniň beýany

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasy indi halkara forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Düýn hem bu ýerde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň ençeme döwletinden wekiller gatnaşýarlar. Forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara serginiň açylyşy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.

Röwşen eýýamyň beýik ösüşleri

Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly tutumlaryň netijesini bu gün durmuşymyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görmek bolýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň uly ösüşlere eýe bolýandygynyň we halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Dünýäniň ösen döwletleri bilen özara hyzmatdaşlyk esasynda gazanylýan ykdysady öňegidişliklerdir durnukly ösüş halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde obalarymyz, şäherçelerimiz hem-de şäherlerimiz uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak hem-de üpjün etmek boýunça netijeli işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär.

Abadan ýaşaýşyň hyzmatynda

Eziz Diýarymyz uglewodorod serişdeleriniň bol gorlaryna eýedir. Hormatly Prezidentimiz şol gymmatly baýlygymyzy diňe bir ýurdumyzyň ilatynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň abadan ýaşaýşynyň hyzmatyna goýmaga gönükdirilen parasatly syýasaty ýöredýär. Şu maksat bilen dünýä ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bu ugurda ýakyndaky hem-de alysdaky dostana döwletler bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gerimini barha giňeldýär. Geljekde bolsa bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligi has ýokarlanar. Oňa düýn gözel paýtagtymyzda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahaty aýdyň mysallaryň biridir. Bu forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakda ähmiýetli bolar.

Täze desga işe girizildi

Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesinde, Halkara howa menziline barýan awtomobil ýolunyň ugrunda 40 sany dört gatly otuz iki öýli ýaşaýyş jaýlarynyň daşky basyşly lagym ulgamy we şäheriň täze lagym arassalaýjy desgalaryna çenli basyşly lagym ulgamy işe girizildi. Bu möhüm desgalary «Ýaş türkmenler» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary gurdular.

Durnukly söwda ulgamy — bolelin durmuşyň özeni

Döwrebap gurlan söwda merkezine girip, dogrusy, özümiň näme almaga gelendigimi-de ýatdan çykardym. Öz ýurdumyzda öndürilen, şeýle-de import harytlaryň hil-hil, görnüş-görnüş, tertipli hem endigan ýerleşdirilmegi söwda merkeziniň içine aýratyn gelşik berip, sende bu ýerden hökman bir zatlar satyn alyp gitmek islegini döredýär. Gözümiň kaklyşan zady «Meni al-da, meni al» diýip, özüni güjeňleýän mysaly. Oýlanyp durşuma özüçe düşünen bolarly, harytlaryň tertibine seredip ýören satyjy gyz maňa bakyp dillendi: