Guwandyryjy netijeler gazanylýar

21 Oktýabr 2024
263

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynyň işçi-hünärmenleri demirgazyk welaýatyň obadyr şäherlerinde hereket edýän dürli basyşly gaz geçirijileri we gaz desgalaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarlar. Müdirligiň gazçylarynyň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň işgärleri bilen bilelikde gaz desgalarynyň durkuny üýtgetmek we zerur ýerlerini düýpli abatlamak, bitewi gaz ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak hem-de täze gurulýan desgalary gazlaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň netijesinde welaýatyň medeni zolakdan uzakda ýerleşýän ilatly obalarynyň ýaşaýjylary hem ýylyň islendik möwsüminde gymmatly «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görmäge doly mümkinçilik alýarlar.

Ýeri gelende aýdanymyzda, müdirligiň gazçylarynyň ýokarda ady agzalan Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň Boldumsaz etrabynda tejribeli ussa we halypa gazçy Myrat Arazowyň ýolbaşçylygynda iş alyp barýan işçi-hünärmenleri tarapyndan ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda hereket edýän milli Maksatnamalara laýyklykda, ilatly ýerleri gazlaşdyrmakda hem-de öň bar bolan gaz ulgamlarynyň durkuny üýtgetmek we doly abatlamak işlerinde müňlerçe manatlyk düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Netijede, ýylyň başyndan bäri olaryň birleşen tagallalary esasynda oba ilatly ýerlerinde göwrüminiň ululygy 57, 89, 114, 159 millimetre barabar bolan orta basyşly gaz eltiji ulgamlaryň 6 müň 500 metri, içerki pes basyşly gaz geçirijileriň bolsa 2 müň 500 metri täzeden çekilip, etrabyň Gökýaýla geňeşliginiň Ak altyn, Bitarap Türkmenistan geňeşliginiň Garaköl, Çowdur geňeşliginiň Tommakýap hem-de Bereketli geňeşliginiň Badalar obalarynyň ilaty barha golaýlap gelýän gyş möwsüminde tebigy gazdan bolelin peýdalanmaga doly mümkinçilik aldylar.

Dädebaý NARTYÝEW,
«Nebit-gaz».