Ätiýaçlandyryş — döwrüň täze basgançagynda
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Bu ösüşler diňe bir öňde goýlan maksatlara ýetmäge badalga bolman, eýsem, halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanýandygyny hem--de durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny aňladýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösmegi, bazar gatnaşyklarynyň dünýä derejesine çykmagy ätiýaçlandyryş işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi talap edýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň esasy maksady fiziki we ýuridiki şahslaryň ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmakdan ybarat bolup durýar.