Halkara maliýe-bank ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde, iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde, dolanyşyk serişdelerini üpjün etmekde we raýatlara edilýän hyzmatlaryň ýeňillikli amal edilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hem baý tejribä eýe.
Milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklary bolan döwlet edaralary, maliýe guramalary we hususy kärhanalar bankyň müşderileriniň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň, esasan-da, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany Patyşalygy ýaly döwletleriň öňdebaryjy maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe boldy. Häzirki wagtda bank dünýäniň ýigrimä golaý ýurdunyň elliden gowrak banky we maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şeýle gatnaşyklardan ugur alnyp, strategik taýdan möhüm maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin orta we uzak möhletli daşary ýurt karzlaryny çekmek Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň alyp barýan işleriniň möhüm bölegi bolup durýar.