HABARLAR

Magtymguly — adamzat dünýäsiniň şamçyragy

Meretkul Gaýypnazarow,Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan Täjigistan Respublikasyndaky türkmenleriň jemgyýetiniň ýolbaşçysy.

Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Owganystan däne önümlerini eksport eder

Gazagystanyň “Prodkorporasiýa” döwlet kompaniýasy ýurtda ýokary hasylyň alynmagy bilen eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ugurnda iş alyp barýar. Şonuň üçin gazak bugdaýyny Müsüre ibermek boýunça gepleşikler geçirildi, Owganystana ibermegiň möçberini artdyrmak, şeýle hem Eýrana mekgejöwen eksport etmek göz öňünde tutulýar Bu barada gazak metbugaty habar berýär. Gazak döwlet kompaniýasynyň ýolbaşçysy Asylhan Juwaşew gazak däne önümleriniň eksport mümkinçiliginiň 12 million tonna deňdigini belledi.

Ulaglar arkaly türkmen-özbek söwda dolanyşygy 9 aýda 867 million dolardan gowrak boldy

2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37,5 million amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär. Çeşmede bellenilişine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 867,8 million amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 830,3 million amerikan dollaryna barabar bolupdy. Netijede Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda altynjy ýerden orun aldy.

Halkara giňişlikde

Ynsanperwer tagallalara ýokary baha Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasyna gatnaşdy. Onda BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary F.Grandi ýurdumyzda raýatsyzlygy azaltmak ugrunda edilýän tagallalara ýokary baha berdi.

Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny» açmakda möhüm ädim

Häzirki wagtda ýurdumyzda täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak, ekologik taýdan arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak meseleleri bilen birlikde, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna-da aýratyn üns berilýär. Hytaý Halk Respublikasy bolsa bu babatda Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýar. Ýurdumyzyň nebitgaz ugurly öňdebaryjy bilim ojagynyň — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçysynyň dostlukly ýurda golaýda amala aşyran iş sapary hem bu ugurda täze gözýetimleri açyp, bilelikdäki anyk taslamalaryň başyny başlamakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Iş saparynyň maksady Hytaýyň Nebit uniwersiteti, Sian nebit uniwersiteti we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti bilen bilim ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Sian şäherinde Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny» açmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi saparyň netijeli häsiýete eýe bolandygyndan habar berýär. Bu ylalaşyga Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Sianyň nebit uniwersiteti, Hebeýiň nebit hünär-te

Gadymy golýazmalaryň nusgalary

Germaniýadan ýurdumyza getirildi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri hem daşary syýasaty netijesinde, dürli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyny hem düýpli ösdürmek, milli mirasymyza degişli gymmatlyklary dünýä ýüzünden toplamak we aýawly saklamak hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Parahatçylygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna

«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly parlamentara forumyny döretmek başlangyjy ilkinji gezek 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlüpdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 14-nji oktýabrynda bolsa Türkmenistanyň Mejlisinde «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» diýen at bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen bir hatarda, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Won-şik U, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mažilisiniň Başlygy Ýerlan  Koşanow,  Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Nurlanbek  Şakiýew,  Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmodtoir Zokirzoda,  Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy Nuriddin Ismoilow gatnaşdylar.

Teatr sungaty — dostlugyň dili we döredijilik ylhamynyň çeşmesi

18-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry festiwalyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alyndy. Foruma gatnaşyjylaryň toý lybasynda Mollanepes adyndaky talyplar teatryndan Baş akademiki drama teatryna çenli dabaraly ýöräp gelmekleri çärä özboluşly bezeg berip, sahna sungatynyň dowamatlylygynyň nyşanyna öwrüldi. Olary çärä tomaşa etmäge gelen köp sanly tomaşaçylar mübäreklediler. Dabaraly ýörişiň dowamynda artistler öz teatrlarynyň döredijilik eserlerinden sahnalary görkezýän keşpleri janlandyrdylar.

Dostlugyň, ruhy ýakynlygyň we sahna sungatynyň baýramy

Ýurdumyzda TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwaly tamamlandy Aşgabat, 20-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly tamamlandy. Bu çäre 2024-nji ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça geçirilen duşuşyk

Golaýda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň “Nebit bilen hapalanma getirýän hadysalar ýagdaýynda sebitleýin taýýarlyk, jogap hereketleri we hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnasyny” (Aktau Teswirnamasy) durmuşa geçirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Hazarýaka döwletleriň wekilleriniň arasynda bäştaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga “Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekili hem gatnaşdy. Geçirilen çäräniň dowamynda “Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, deňiz gurşawynyň nebit bilen hapalanmagyna garşy göreşmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyk” meýilnamasynyň taslamasyna seredildi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleri tarapyndan, nebit dökülmeleriniň öňüni almak we ýok etmek boýunça milli meýilnamalar bilen tanyşdyryldy.