Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny» açmakda möhüm ädim

22 Oktýabr 2024
317

Häzirki wagtda ýurdumyzda täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak, ekologik taýdan arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak meseleleri bilen birlikde, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna-da aýratyn üns berilýär. Hytaý Halk Respublikasy bolsa bu babatda Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýar. Ýurdumyzyň nebitgaz ugurly öňdebaryjy bilim ojagynyň — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçysynyň dostlukly ýurda golaýda amala aşyran iş sapary hem bu ugurda täze gözýetimleri açyp, bilelikdäki anyk taslamalaryň başyny başlamakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Iş saparynyň maksady Hytaýyň Nebit uniwersiteti, Sian nebit uniwersiteti we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti bilen bilim ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Sian şäherinde Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny» açmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi saparyň netijeli häsiýete eýe bolandygyndan habar berýär. Bu ylalaşyga Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Sianyň nebit uniwersiteti, Hebeýiň nebit hünär-tehniki uniwersiteti, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) hem-de Hytaýyň Bilim ulgamynda halkara alyşmalar boýunça assosiasiýasy gatnaşýar. Resminama laýyklykda, taraplar bilelikde ýurdumyzda «Lu Ban ussahanasyny» açyp, geologiýa, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny gözlemek, maglumat ulgamlary we tehnologiýalar ýaly ugurlarda akademiki we beýleki hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk ederler. Şeýle-de mugallymlarydyr talyplary, maglumatlary alyşmak, ylmy barlaglary alyp barmak boýunça çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Bu taslama Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim ugurly gatnaşyklary berkitmek arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin zerur hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

(Ýörite habarçymyz).